14:17 Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy | |
PULUŇ BAŞARNYGY BARADA AGTYMTYL GOŞGY
Goşgular
![]() Ukyby bar, köp zat etse, Pul diýlen närse. Oňlasa gül eder ömri, Oňlamasa kül. Hökmürowan, güýçli emri, Dabaraly pul. Sagaldyp biler saglygy, Giňeldip biler darlygy. Bir aý deriňi dökdürer, Aljak bolsaň bir “aýlygy”. Oňarýar pul, kän zat, gaty. Ýöne käbir başarmaýan, Bar, ejiz gelýän halaty. Ýigrenýäniň söýdürmäge, Gurby çatanok. Söýýäniň ýigrendirmäge, Dişi ötenok. Dananyň hak aýdyşy dek, Zehinliniň zehinini oýup bilenok. Ýa zehinsize zehini guýup bilenok. Müň köpelse, gurplansa-da, Özün asmandan assa-da, Gaýtadan jahyl edere, Bu garry seri, Duranja ýeri. Gezek çyna ýetenne, Pulam bir töňňe. 2022 ý. | |
|
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||