20:06

Daglañ algyr laçyny men...

DAGLAŇ ALGYR LAÇYNY MEN...

Kapasada dünýä inen,
Daglañ algyr laçyny men.
Emma, diñe göwräm sygar,
Kapasanyñ içine meñ.

Öñde-soñda, owal-ahyr,
Bu dar ýere göwnüm sygmaz.
Baş egmezek bu baş diñe,
Düýşde-huşda daga sygnar.

"Daglar" diýip, daşy ýaryp,
Böwsenimde kapasany.
Zakyja señrigin ýygrar:
"Uçuşyñ göreýin hany".

Öwretmäñ siz uçmaklygy,
Pessaý uçan guşlar maña.
Öwretdi erkin uçmagy,
Kapasada düýşler maña.

Gyzylgül ANNAGYLYJOWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 268 | Добавил: Mähriban | Теги: Gyzylgül Annagylyjowa | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

At galar / Goşgular - 11.02.2024
"At bilen kowalap gördüler ony..." / Goşgular - 01.01.2024
Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024
Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024
Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024
Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024
Siziñki / Goşgular - 30.01.2024
Salam, Türkmenistan! / Goşgular - 01.01.2024
Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024
Жизнь / Goşgular - 29.02.2024

Teswirleriň ählisi: 1
0
1 Garayolly1936  
830
Oñat goşgy

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]