12:35

Dile gelen sözler

DILE GELEN SÖZLER

○ Ahlaklylyk ýüreginde bolmadygyñ akylynda-da ýokdur.

○ Ýürek utansa-da, akylyñ ýalan sözlemekligine mejbur bolýan pursatlary bolýar.

○ Hiç ýerde absolýut boşluk ýok. Agza näçe arak guýsañ, ondan şonça-da gep gysylyp çykýar.

○ Daýylarynyñ kölegesinde ösýänler hasyl bermeýärler.

○ Gapan haýwanlaryñ tenine, adamlaryñ ýüreklerine gurulýar.

○ Ýüregi ötlem bolsa, dili bally.

○ Ýeñil eklenç azdyrýar.

○ Müñkürlik ýüregiñ şöhlesini öçürip, onda garañkylyk döredýär.

○ Gyşyk basylan aýak soñ düzelmeýär.

Eziz DERÝAÝEW.
Категория: Sözler | Просмотров: 336 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Eziz Derýaýew | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Sözler bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]