17:13 Düýş | |
DÜÝŞ
Goşgular
Bir gije düýşümde "Dañyñ saz wagty". Kerim aga bize myhman bolanmyş. Öñünde çaý goýdum, mähirli bakdy, Misli, ol yzyna çyndan dolanmyş. Çekine-çekine söze başladym, Ussadyñ gözlerem durşuna many. Diýdim: "Goşgy ýazýan, diñläp göräýiñ", Diýdi: "Oka gyzym, diñläýin hany". Men okasam diñlejekdi ussadym, Otaglamda terslin-öñlin gatnadym. Arman, goşgy ýazýan depderlerimi, Näçe agtarsamam gözläp tapmadym. "Ýazýan"- diýdim, emma, ähli setirleñ, Täsinlikdi hakydamdan öçmesi. Gowşak goşgularyñ juda kyn borly, Ussatlaryñ öñlerinden geçmesi. Gowşajyk bolsa-da agtaryp tapman, Düýşümde çekýärdim goşgymyñ zaryn. Şol pursat ussadym goluma berdi, "Ýar"-diýip, ullakan, çym-gyzyl nary. Ýardym,seçelendi çym-gyzyl däne, Däneleri ýekän-ýekän çöpledim. Ussadym şol gije düýşümde meni, Okalmadyk goşgym bilen taplady. Belki,düýşde ussadymdan utanyp, Çyg-çarsy goşgulam gaçandyr häli. Ussat hem diýendir: "Gyzaryp bişsin, Ähli goşgularyñ edil nar ýaly". Gyzylgül ANNAGYLYJOWA. | |
|
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 8 | ||||||
| ||||||