21:43 "Duýýan indi señ dünýäñde ýatdygym" | |
Ýaşap bir dem ýyldyrymly didede,
Goşgular
Ne-hä yşkdan, ne hesretden gandyk biz. "Söýýänem" diýipdik birek-birege, Ýöne köne dostlar bolup galdyk biz. Dözmezim sen, gözleriňden syrykdym. Dõnmezim sen — saňa gurban bolaýyn. Goýnuma däl, sen düýşüme giripsiň, Söýgüden ezizim, dostdan golaýym! Seniň penje-penje çasly gülküleň Gül kimin galypdyr garyň astynda. Neýlär söýmän aýralyga duş gelen?! Söýgi diýmek aýrylykmy aslynda?! Sen günleriň hesret bilen ötürdiň, Göwnümi göterdiň duş gelen wagtyň. Sen gaýdyp gelmejek yşkym ýitirdiň, Men ýitirdim tapyp bilmedik bagtyň. Duýýan indi seň dünýäňde ýatdygym Hem bagrymy gyýýar bagty keç dide. Jahyllyga aýlanypdyr ýaşlygym, Haremhanam aýlanypdyr metjide… Nobatguly REJEBOW | |
|
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |