16:02 Latyn dili | |
LATYN DILI
Latyn dili gadym — gara daglar deý, Ilkidurmuş eýýamdan, Gowaklardan alyp gaýdýar ol kökün. Latyn dili huwwalady, aglady, Şygyr ýazdy, söýdi, eýledi höküm. Latyn dili — gadymy, Emma welin aňmady, Dile pyçak çekip biljek ganymy. Ogullaryň taşlaýşy deý atasyn, Obaň taşlaýşy deý gabrystanyny, Taşlap Plininiň kiçi-ulusyn, Taşlap Watanyny Gitdi il ulsy... Ol gugaryp galan ýurt deý ses edip, Terkidillerini saklap bilmedi. Ol öldi.. jaýlaman onuň jesedin Gölegçi deý dargap gitdi milleti. Latyn dil, gadym dil, seredip ýatyr Akyldar arkaň deý dünýäň düýbünden. Latyn dili öldi, emma entegem Ýaşap ýör ol medisinaň güýjünden... | |
|
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024 |
√ Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ «Превратила всё в шутку сначала…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Är garrar... / Goşgular - 30.04.2024 |
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |