09:40

Gara saçlaryñ / şahyrana oýlanma

GARA SAÇLARYÑ

Ençe aşyklary yşka salyp, erkiñi saçujuña alyp gelýän tar-mar saçlaryñ. Şana urup, uzyn-uzyn darañsa dünýä timar saçlaryñ.
Saçlaryña dolan Aýyñ kümüşsöw nury düşüp, gara gijäniñ ýyldyz dek ýylpyldaýşyny diýsene. Zemine nuruny dolduryp, dogan Günüñ altyn hanjary saçlaryñdan parran geçeninde, durşuna gözellige öwrülip, dünýä içre ýalpyldaýşyny diýsene. Öwüsýän mymyk şemala näz edip, aşygy ýaz eýleýän siz dälmi, gara saçlar?! Çar ýana owsun atyp, giñ jahany saz eýleýän siz dälmi, owsunjy saçlar?!
Gül ýüzüñe düşende, ejaplylygyñ nikaby gara saçlaryñ. Müñ bir gülüñ roýy siñen müşki-anbaryñ dükany gara saçlary. Gijeden gündiz, gündizden gije ýasaýan gudrat onda bar. Perişdeleri ýere düşürýän hoş surat onda bar.
Seniñ gözleriñ garaluwlugy, gaşlaryñ gara çyzyk bolup uzalyşy megerem, gara saçlaryñdan reñk alyp, şeýle gözel görnüşe gelendir. Bu saçlar şeýle belent söýleni üçin, altyn gupba, örüminde mahmal otagalar bar.
Eý, gözel gyz, deñinden geçip giden ýigidiñ ýüregini çawlaýan gara saçlaryñ onuñ ukusyz geçiren gara gijeleridir. Seniñ saçlaryñ täsin ýylpyldysy şol arzyly, arzuwly gijeleriñ kümüş ýyldyzlary ahyryn! Baky juwanlygyñ syryny açýan, älem-jahana sönmez söýgi alawyny saçýan, köñüllerden mähir-muhabbet içýän, gara saçlar, sen hemişe ynsan ýaşaýşynyñ ak bagtynda apalanyp, sypalanyp, şugla saçyp dur.

Gurbanbibi GURBANMÄMMEDOWA.
Категория: Oýlanmalar | Просмотров: 353 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Gurbanbibi Gurbanmämmedowa | Рейтинг: 4.7/3
Awtoryň başga makalalary

Oýlanmalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 2
0
1 Durdyyewа  
132
Gowy ýazylypdyr respect

0
2 Мylayym  
83
+++++ smile

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]