20:58

Gelsene...

GELSENE...

Meň gamly dünýämi toýhana öwrüp,
Gelsene.
Ýalan gybatlaryň donun çöwürüp,
Gelsene...

Ýyldyzly ýaglygyn oransa zemin,
Aý yşygy derdiň tapanda emin
Ýetmezin dolduryp göwnümiň kemin
Gelsene...

Sabrymyň käsesi püre-pürlense,
Ýekeligim gussalara per berse
Öwrülmänkäm serhoşa ýa sermeste
Gelsene...

Garaşmakdan göz röwşenim öçmänkä,
Bägül görküm alyslara göçmänkä,
Şum aýralyk ynam suwun içmänkä,
Gelsene...

****

Başdaky deý ýat däl maňa bu şäher,
Öwrenişdim duman örten säherne.
Gaşymda oturyp ýat saýanlary,
Goýberemok göwün atly şäherme.

Agyr märekede öňküler ýaly,
Boýnum buruk, eginlemem gysyk däl.
Kem zadym ýok, şükür öküner ýaly
Ykbalymam adamlar deý gysyk däl.

Tanyş dideleri küýsän gözlerim,
Käte bagtdan ýaňa ýaşaryp gidýär.
Nätanyş şäherde syrdaş gözlesem,
Gelneje, bir seni göresim gelýär.

Ýat şäherde ýadyrgamok indi men,
Oglumam deň örýär säher gün bilen.
...Ah, gelneje saňa diýjek sözlermi,
Ogryn ýazyp goýdum gündeligime.

• Ýürekdeşlik

Gara gözleň suwa gark bolup otyr,
Kirpikleň tapyşsa böwedi böwsjek.
Eger şeýdeniňde derdiň egisse,
Menem goşuluplar gözýaş döküşjek.

Doňup dursuň, nazarlaryň aglaýar,
Ýaňagyna şarpyk çalnan çaga deý.
Bu ahwalyň ýüregimi daglaýar,
Dymma, dillen asman kibi çagba guý.

Agla uýam, aglamakdan çekinme,
Ger dökülen gözýaş egissin derdiň...
Seň gözüňden gaçan ýekeje damja,
Müňläp damja bolup ýüregme siňýär,
Bagrymy ezýär...

Ilkinji hem soňky bolsun hasratyň
Aglamakdan bägül görküň solmasyn.
Bagta sary alyp gitsin ak atyň,
Indi beri gara gözleň dolmasyn.

• Ýylgyr dünýäm

Ýylgyrsana meň dünýämiň güneşi,
Gaşyň çytsaň bulut örter barlygy.
Behişdiň suwuna ýuwlan gül keşbiň,
Ömrüň dowamaty, bagtyň ýarlygy.

Ýylgyrsana meň dünýämiň güneşi,
Ýylasyn ýygrylan ýuka ýürekler.
Saba ýelne ak arlygyň gol bular,
Süýji arzuwlarma bije çykan dek.

Ýylgyrsana meň dünýämiň güneşi,
Güllejek erikleň gülsün ýüzleri.
Ýylgyrşyňdan gudrat, kerem, nur döräp,
Çilleli gelinleň ýarsyn gözleri.

Ýylgyrsana meň dünýämiň güneşi,
Ýylgyrşyň deý ömrüň mydam ýaz bolsun!
Päkliginde bu owadan jahanyň
Dünýä gadam basan ýollaň ak bolsun!
Категория: Goşgular | Просмотров: 390 | Добавил: Bagty | Теги: Bagtygül Tekäýewa | Рейтинг: 4.7/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024
Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024
Alabahar / Goşgular - 21.03.2024
"Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024
Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024
Dünýe... / Goşgular - 11.02.2024
Жизнь / Goşgular - 29.02.2024
"Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024
At galar / Goşgular - 11.02.2024
Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024

Teswirleriň ählisi: 2
0
1 Mähriban  
607
Gara gözleň suwa gark bolup otyr,
Kirpikleň tapyşsa böwedi böwsjek.
Eger şeýdeniňde derdiň egisse,
Menem goşuluplar gözýaş döküşjek.

Gowy goşgular! Galamyňyz hasam ganatlansyn, Bagtygül dogan!

0
2 Gumlygelin  
8
Bagtygül uýam ylhamyñ egsilmesin!

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]