14:17 Sen bolsaň... | |
SEN BOLSAÑ...
Bu barlygyň aňzak gyşyn ýaz eden, Maňa munda diňe sen bolsaň bolýar. Heserli dünýämi aýdym-saz eden, Maňa munda diňe sen bolsaň bolýar. Arzuw sallançagynda hiç üwrelme, Gel, golumdan tut meň, hergiz iberme! Onsaň aýralygam bizden irer-le, Maňa munda diňe sen bolsaň bolýar. Ýüregmize mähir deňzin akdyr:a, Göripleri ahmyr bile bakdyr:a, Ýan bermezlik üçin ýeňles takdyra, Maňa munda diňe sen bolsaň bolýar. Atlanyp umyda, geljege barýas, Duýgymy, paýhasmy haýsy biri rast? Tukat ýekelikden bolmaga halas, Maňa munda diňe sen bolsaň bolýar. Kötel ýollar soldurmasyn meňziňi, Gujak gerýär bagtly günleň menzili, Boýlar ýaly yşgymyzyň deňzini, Maňa munda diňe sen bolsaň bolýar. | |
|
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024 |
√ Победителям / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Tilki bilen üzüm / basnýa / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | ||
| ||