19:36 Sen gelýäň... | |
SEN GELÝÄŇ
Goşgular
Nije ýyllyk umydymy gülledip, Sen gelýäň. Gerdenimiň agyr ýükün ýeňledip, Sen gelýäň. Ýüregimde üýtgeşik bir ünji bar, Didelemde bagt deňzinden hünji bar, Gözlerimi ýola baglan intizar, Sen gelýäň. Bir ýanym gara dag, biri Erem bag, Üstüňde jennetiň anbar ysy bar, Dileglerim wysal eýläp Biribar, Sen gelýäň. Jägildiň jan berdi gülsüz ýazlarma, Gülkiň ylhamymdyr ýazjak sazlarma, Derdim derman eýläp aýak yzlarňa, Sen gelýäň. • Sen şeýle eziz Gül ýaňagyn ogşan damjalar ýaly, Sen şeýle päkize, şeýle bir eziz. Bagt berdiň didäm nemlener ýaly, Sen şeýle päkize, şeýle bir eziz. Batmasyn kalbyňa tikeni gülleň, Dilmesin gursagňy awusy dilleň, Dözer ýaly däl-ä sözüne illeň, Sen şeýle mähriban, şeýle bir eziz. Gündizler Günüm sen, gijeler Aýym, Ýüregmiň bagy sen, arkamda dagym, Ýörän ýoluň açyk bolsun ylaýym, Sen şeýle mähriban, şeýle bir eziz. • Ykbalmyň kuýaşy, hoş geldiň Dünýä! Gözümiň guwanjy-röwşen çyragym, Ykbalmyň kuýaşy, hoş geldiň Dünýä! Elmydama alçy gopsun aşygyň, Ykbalmyň kuýaşy, hoş geldiň Dünýä! Bilbil sesin goşsun ajap gülkiňe, Gül meňziňde güller açsyn hemişe, Guwanaýyn bal dökülýän diliňe Ykbalmyň kuýaşy, hoş geldiň Dünýä ! Hazynam sen, genji känim baýlygym, Bagtdyr maňa bu zeminde barlygyn, Nusgasna öwrülip bagtyýarlygyň, Ykbalmyň kuýaşy, hoş geldiň Dünýä! Sen meň iň ezizim, dözmezim,janam, Sen meň ejiz ýerim gara göz balam, Ömrüň uzak etsin keremli Allam, Ykbalmyň kuýaşy, hoş geldiň Dünýä Bagtygül TEKÄÝEWA. | |
|
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |