05:22 Gizlin söweş | |
GIZLIN SÖWEŞ
Goşgular
![]() Örän gizlin söweş yglan edipdim, Señ bilen başymyñ çatylan güni. Yşkdan bina bolan köñül şährime, Atom bombasynyñ atylan güni. Ýykyklygna goýdum idemedim hiç, Ýykylan göwnümiñ harabasyny. Müñläp duýgularmyñ leşgerin jemläp, Yşk okundan ýükli arabasyny, Ýolladym señ köñlüñ basyp almaga, Olar ýeñdi hem ýerledi sen taýa. Menem göçüp bardym, bar goşum bilen, Täze şäher, köşk-eýwanly şol jaýa. Şeýdip köñül köşgüm men sende gurdum, Yşgymyñ şäherin bilmediñ ýoklap. Öñüme toý güni,iñ bagtly günüm, Ilki söýen gyzyñ suratyn oklap. Gyzylgül ANNAGYLYJOWA. | |
|
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 2 | ||
| ||