04:15

Goç urşy

GOÇ URŞY

Gara goçlar gazap donun geýipdir,
(Janyňdan irmeseň barma golundan).
Jygar şahly gara başlar ýarylar,
Alys olar dünýäň mekir-alyndan.

Dag dek sowal dur ortada keserip,
Ýa geziber gulaklaryň salla-da.
(Gara garnyň gözemäge çöp gyt däl.
Eçilipdir bu ýyl kadyr Alla-da).

Owsunyp dur «dilber» maňyň höwesi
Aznawur ajalyň halkalarynda.
– Ýa Biribar, bir pursatlyk medet ber,
Ýa öleýin, ýa bir ýalkanaýyn-la!

«Geçiň» darkaşyndan bizar bolana
Bir sered-ä, dünýe maly sapaklar.
Mertligiň gözünde ýyldyrym çakýar.
Tütäň duruň namart, döşi gapaklar…

Muhammetöwez ARRYKOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 297 | Добавил: Mahymm | Теги: Muhammetöwez Arrykow | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Soltan / Goşgular - 27.03.2024
Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024
At galar / Goşgular - 11.02.2024
Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024
Bagyşla! / Goşgular - 01.01.2024
Победителям / Goşgular - 29.02.2024
Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024
Göreş / Goşgular - 11.02.2024
"Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024
Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]