16:06

Güljahanyň soňky güni / hekaýa

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 577 | Добавил: Garadag | Теги: Sylapberdi Muhamow | Рейтинг: 4.7/3
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Kitap / nowella - 16.03.2024
Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024
Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024
Шер аминь / рассказ - 20.01.2024
Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024
Ýagyşly gün boýny burlan söýgi / hekaýa - 15.01.2024
Garagumda / hekaýa - 09.03.2024
Ýat şäherdäki üç myhman / hekaýa - 13.01.2024
Jan / hekaýa - 08.03.2024
Deñinden ötüp bolmaýan adam / hekaýa - 18.01.2024

Teswirleriň ählisi: 8
0
1 Garadag  
128
Arslanın ağzından rızkını alabilmek gıbı bir şey değilmi?!

0
2 mango  
651
Hemme zat düşnükli welin, şu Artygyň biografiýasynda bir gyzykly detal aýdylmadyk ýaly (ýa bilgeşlin edipdir Awtor kaka).
Ýagny, Artyk Güljahandan öň öýlenen birimi? Personažlaň hersiniň ýedi arkasyny gürrüň berse-de Artygyň taryhynyň kölege düşýän ýeri bar ýaly.

Güljahanyň depesinden yzyly-yzyna derdiň guýulmagam… birhili hindi kinosy ýalam.
Güljahanyň tragediýsynda onuň maşgalasyndan hiç kim görnenok. Bir dogany agzalýan ýalam welin….
Baka duşup ýaşanlaryny okaňda-da bir hili Güljahana дурочка-myka diýesiň geliberýär.
Umuman, bolýaram, bolanogam…

0
3 mango  
651
Teswirjik ýazypdyk welin… ýalpyldamasy kyn boldy.

0
4 mango  
651
3-nji teswir wagty bilen çykmansoň 4-nji teswir ýazyldy.
Bu teswirem 5-nji edip çykarman diňe 4-nji teswirem pozaýyň, gaýrat.

0
5 Bagabat  
43
Agyr eser.
Hakyky durmuş.
Tejribämde edil şunuň bilen birme-bir (belki mundanam beterdir, "komu kak"), agyr ykballary synladym.
Birje gezegem şolar barada ýazasym gelmedi.
O görgüliler barada okamak kyn. Onsoň ýazmak dagy...
Öldürjek-laý.
Ýüregiňi gaty ezýär.
Naçar görgüli zalym durmuşyň, aýýar durmuşyň öňünde şeýlebir biçäre, şeýlebir goragsyz...soňam durmuşda adamdan azan aýjynlara sataşsak geň galan bolýas: "bular ýaly albassylar nireden döreýärkä?" diýen bolup.
Eseriň žanry ýalňyş kesgitlenipdir. Hekaýa däl, powest. Eseriň žanryny kesgitleýän esasy ölçeg birligi göwrüm däl. Gahrymanlar, sýužet, ideýa we ş.m..
Garamaňlaý naçarlar hakda gör näçe eser ýazyldy?
Çingiz Aýtmatowyň Jemilesi, Aleksandr Dýuma kiçisiniň Kameliýaly hanymy, Dostoýewskiň Soneçka Marmeladowasy, Tolstoýyň Anna Kareninasy, Tirkiş Jumageldiň Altyny, Orazguly Annaýewiň Jemaly (Lälesi)...ýüzlerçe...
Emma, olar henizem garamaňlaý, henizem betbagt...
Güljahan - akmajyk, mahawja gyzjagaz däl.
"Dört tärimde önüp-ösen" diýilýän, durmuşyň ýalym-ýulumly, aýýar, mekgar adamlarynyň öňünde goragsyzja gyzjagazynyň tipiki ýygnama obrazy.
Ykbalynyň her bir detaljygam düşünmekden, soperežewaniýeden ýaňa ýüregiňi elendirýär, ezmiljedýär.
Sahnalaň başaşa berilmegem öňden ulanylyp gelinýänem bolsa, ýerine düşen tilsim. Okyjyny birsyhly yzygiderlilikden-ä ýadanok, ikinji bir tarapdanam ünsli okamaga imrikdirýär.
Güljahanyň süpükler tarapyndan zorlanýan ýerinem, mümkin boldugyndan sypaýylyk bilen berlipdir.
Powest tutuşlygyna ynandyryjy.
Ynsan tragediýasam hetjiklenenok, ýolugra berilýär. Edil seneýazgysy ýazylýan ýaly. Bir kiçijek ykbalyň seneýazgysy...
Şulam bu powestiň ýene-de bir artykmaçlygy.
Elbetde käbir sözlemleriniň tagaşygsyzrak sepleşýän ýerleri bar (bu diňe meň gözüme şeýle, awtor başgaça görüp biler). Ýöne olam hiç, galanja ownuk-uşak kemçilik hasaplap bolaýjak detaljyklaram - esasy zat eseriň akgynlylygy, dartgynlylygy, hakykata doly laýyklygy, diliniň gündelik durmuşylygy ony ýokary hil derejesine çykarýar.
Powestdäki aýdylmadyk zatlaram hökman däl. Eger-de zerur bolsa goý okyjyň özi gerek ýerini özünden oýlap tapyp goýubersin.
Okyjylara maslahatym bu powesti meşhur fransuz aýdymçy-hanymy Mireý Matýeň "Bir söýgüniň taryhy" (mireille_mathieu_mirej_mate_-_une_histoire_damour) diýen aýdymyna goşup okamaly.
Höwri köp bolsun.

0
6 Garadag  
128
Dilegleriňiz üçin sag boluň!

0
7 Gurgencli  
324
Irginsiz özüne çekip bilýän hekaýa, başyndan aýagyna ýadaman okaýaň ýöne welin bir tarapdan juda gamlandyrýar. Güljahanyň ykbaly, kyrk ýaşap bagta gowuşan Artygyň bagtyndan mahrum bolmagy…

0
8 Gurgencli  
324
Gije uklamazyňdan öň okamaly hekaýa hä däl eken, sebäbi gamly hekaýa okap tukat uklamagy hiç kimem halaýan däl bolsa gerek. Esasan uklamazyňdan ozal satiriki hekaýalar okasaň gowy

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]