gowy goşgular, owadan täsin deňeşdirmeler, gowy peýzaž. ikisinde-de bir hili meşzeşlik duýulýar. belki asmandaky bulutlardyr? "synlap, görýär öýdýä güýz öz düýşüni" - şu setrde-de bir zada ýetmän du... "öýdýä" problema çykarýamyka, ýa göwnümemi? goşgular hakykatdanam "güýz duýguly" goşgylar bolupdyr. üstünlik(ler) sylap kaka.
prozadaky Sylap bilen poeziýadaky Sylap bir adam diýseň ynanar ýaly däl. täsin.
mangoň diýýän ýerinem işlenipjik göýberilse, hasam bet boljak. men-ä goşga düşünmeýän biri, maslahat beren bolup goşgyň hilini düşüresim gelenok. ýöne kellä gelen birinji pikirimem aýdasym geldi.
synlaýar. ahmal görýär güýz öz düýşüni
ýa-da
synlaýar. ahmal görýär ol öz düýşüni
diýseň hasam загадочный boljak eken. o ýerdäki "ol" ýelmi, güýzmi, liriki gahrymanmy ýa başga birimi...
iň gowusy "öýdä"-ň yzyna "n" goýaýmaly
synlap, görýär öýdýän güýz öz düýşüni
"synlap görmek" "barlap görmek" ýalyragam eşdilýä welin, oturda pauzany iki sekunt köpräk saklaýmaly.
dyngy belgileriň ähmiýeti goşguda hasam beter bildirýä.