04:09

Iliñ çagasy

Категория: Goşgular | Просмотров: 678 | Добавил: Mahymm | Теги: Kerim Hally | Рейтинг: 3.2/4
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024
Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024
Bagyşla! / Goşgular - 01.01.2024
Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024
"Ulag gidip barýar..." / Goşgular - 28.04.2024
Yzany yşkyma ýamag etdim / Goşgular - 15.04.2024
Göreş / Goşgular - 11.02.2024
Tazy / Goşgular - 30.01.2024
Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024
Победителям / Goşgular - 29.02.2024

Teswirleriň ählisi: 10
1
1 Hаwеrаn  
245
Gyjyt berdiñ diýilse has dogry bolardy, gyjynmak başga zat.

- Şygyr çyrşalmaýar. Şygyr bagryñdan, añyñdan, ýüregiñden syzylyp, elenip kagyza dökülýär, şygyr ýazylýar.
Şygyr - şahyryñ perzendidir. Perzent bolsa çyrşalyp ýasalmaýar. Şygyryñ gowy ýa-da gowşak bolup çykmagy, ol eýýäm başga gürrüñ. Çünki perzent diýlende-de, hemme perzent on iki süññi sag bolup bilenok ahyry. Çaga dogabitdi ýa-da soñra bie saý-sebäp bilen maýyp boldy diýibem (ylahym bu hiç kimiñ başyna gelmesin!) çagañdan ýüz öwrüp bilmeýäñ. Şoñ üçin gowşagam bolsa, kämilem bolsa (jalataýlyk edýän ýigitler ýeñles gylykly zenana baranda, "içgilikäm birmahal çyrşap gaýdypdym, galman geçen şonda göwresinde galaýypdyr" diýse dogry manysyny berer "çyrşamak" sözi, emma nikaly aýalyñdan bolan halal çagañ "çyrşalyp" ýasalmaýar) şygyram biziñ öz perzendimiz (dogry ýañky jalataý ýigitleñ edähedine eýerip, ondan-mundan gyrp-çyrp edip on goşgydan bir "boşgy" ýasaýanlar "çyrşadym" diýse, şolañky bir hasap, şonda bu söz dogry manysyny berer) Hiç bir ene-ata bolsa halal çagasyna degişmä salybam "haçanky çyrşan zadyñ" diýseñ halamaz. Şoñ üçinem awtoryñ goşgusynyñ hiline garamazdan "men ýazdym, meniñki şu şygyr" diýip elini galdyrjak goşgusyna "çyrşadym" sözüni hiç gelişdirip bilmedim.

- Hem goşguçylygy kär hasaplap, her kesiñ bir käre gol bermegini "dynçja uklamak" hasaplasak, naýynsaplyk etdigimiz bolardy. Hem hemmeleriñ şahyr bolmak diýen ýaly aladasy ýok (jahanda başga alada gytmy), hem biziñ iki oýnam goşgymyzy okamaga wagtlary barmy adamlañ, ýeri onsoñ nädip olar "dynçja uklaýarka"?

- Pikiriñ ýüwürýän ýeri kalp däl, başga ýer.

- "Otdeý çagalañ"? Düşünmedim.

- Awtor "ozdum" diýýär. Kimden?
A ondan öñki bentde bolsa deñ-duşlaryny mal bakyp ýören çopandyr padyman edip goýýar? Awtoryñ hemme obadaşlarynyñ goşgy ýazmagynyñ mümkin bolmaýşy ýaly, olañ hemmesi mal bakýan däldir-ä? Diñe aýlawda bir çapuwa girenleñ biri ozýar, ýa biri yza galýar. A awtoryñ ýoly bolsa, olañkydan aýry. Ýagny, diýjek bolýanym padymanlykda ozdurmandyr. Eger ozanam bolsa (olam öz pikiriñçe) goşguçylykda ozdurypdyr.
Çopançylygy yzagalak bir kär ýaly görmek ýalñyş pikir. Pygamberleriñ aglabasynyñ ilki çopan bolandygyny, çopançylykdan döwlet tapandygyny ýatdan çykarmazlyk gerek. Dogry soñky bendiñde "halaldan ekleýärem" diýipsiñem ýogsa. Emma goşgynyñ süññûni dûzýän, aýtjak bolýan zady welin, gönüden-göni muña garşy gelýär. Hem haçandan bäri çopandyr padymanlary özüne "garşydaş" belläp ýörkä?
Her bentdäki aýdylýan pikir beýleki bentdäki pikire sepleşmeýär. Many taýdanam, pikir taýdanam dagynyk.

- Hem şahyrlygy il-günden ozdurmak diýip düşünýän bolsa bilmedim-dä. Gaýtam özünde şahyr üşügi bar hasaplaýan adam iliñ-günüñ arasyna garylyp-gatylmaly dälmi? Özüñi iliñ çagasyndan, ilden bir ädim öñde hasaplamak - ilden, hakyky okyjydan üzñeleşmek dälmi?

- "Şan aşmak"? Birinjiden-ä sözlemiñ dûzülişi ýalñyş. Näme diýiljek bolýanyna düşündim düşünmesine. Ýöne munda az-owlak hwastunlygyñ (öz-özüñe baha bermegiñ) ysy bar. Hem beýle diýmäge näme esas tapyndyka awtor? Hem bardy-geldi arzuwlaýan şöhrat-şany dag-dereleri aşaýýanam bolsa, onda bärde "ejiz hally" kim? "Ejiz hally" biri öñe ylgap bilermi? Onsoñ nädip "ejiz hallylaryñ" şany aşýaka? Goşgynyn başynda awtor ejesiniñ ejiz ýüregini bekedenini aýdýar, iñ soñky bentde bolsa ýene ejiz halyna dolanyp gelýär, şol ikiaralykda ol nirede öñe ylgapdyr, nirede şany aşypdyr. Belli däl. Goşgy-da muña kanagatlandyryjy jogap ýok.

- Iñ soñky bendiñ iñ sonky setirinde illeñ çagasyny goşa dyrnaga alypsyñ. Munda ironiýa barmy ýa illeñ çagasyna göwnüýetmezçilik barmy? Düşünmedim?

0
2 Allanazаr  
314
Haweran öran dogry bellikler edipsiň, sag bol. Ilim-günüm bolmasa Aýym, Günüm dogmasyn diýipdir-ä Türkmen aga.

0
3 Garaýolly  
27
Jaydar bellikler.

1
4 Garaýolly  
27
Kerim Hally gowy yazyar. Ol mazmuny durmush duzguninden alyar. Emma ony cepercilik galypyna salyp, logiki beyan etmage entek onuñ edebi tejribesi kemterlik edyar. Haweranyñ yokarky belliklerini owrense, añynda ozleshdirse shahyra uly peyda bolardy. Haweranyñ belliklerine doly goshulyan.

1
5 Hаwеrаn  
245
Dogry aýtdyñ, Şyhmyrat aga. Bellikden maksat, şahyry öýkeletmek däl. Edebiýata azajyk gol beren şahyr kim bolanda-da dogry tankydy bellige dogry düşünip, ýerlikli peýdalanar diýen umydymyz bar.

0
6 MissLAdy  
109
Dogry her bendinde ýalñyşlyk bar. Biz ýaly okyjylar bilenok ýöne.

0
7 paradise  
Gyjynmakmy, gyjynmak-da nerden çykdy? biggrin

0
8 paradise  
Ryzk her kimiñki bir ýere ýazylarmyş welin "Iş tapyndym" diýlen sözi hiç gözüme ýatmady

0
9 paradise  
"Iliñ çagasyndan kem galmaly" diýende "galmaly" sözüni "galma:ly" diýip ikinji "a"-ny çekimli edip aýtmalydygyna yşarat edip ýazmasañ manysy üýtgäp gidýä.

0
10 gadambez1986  
335
Hawerana ýazan bellikleri üçin minnetdarlyk aytmak isleyan. Gosgyny özüm okamda hemme ýeri düzüw ýaly bolup görünýär, emma bellikleri okayan welin onuñ adalatlydygyna düşünýän. Şeyle bellikler köpräk ediläýse.
Awtora bolsa bu belliklerden ugur alyp galamyny hasrak ýiteltmegi arzuw edýärin.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]