ILKINJI DUÝGY
Indi seni görsem, gagşaýan birden,
Biziň aramyzda bir zatlar barmy?
Seň gözlerňem aýryp bolanok ýerden,
Biziň aramyzda bir zatlar barmy?
Hany, ýönekeý bir tanyşdyg-a biz,
Indi haýsy duýga ulaşdyg-a biz.
Üýtgäpdir bolşumyz, aýry howamyz,
Biziň aramyzda bir zatlar barmy?
Söýgümikä?
Aý, ýok, olam däl ýaly,
Ahwallar bir geňsi, sermi-sal ýaly.
Düşnüksiz düýş, çözülmedik pal ýaly,
Biziň aramyzda bir zatlar barmy?
Bir zat aýtjak, gülmejegňe söz berseň,
Halys saňa siňip barýan ýüz berseň.
Hany, okap bolýarmyş-a gözlerden,
Biziň aramyzda bir zatlar barmy?
«Bir kemsiz gözel ýok» diýýärler welin,
Ne-hä kemiň tapýan, ne oňa delil.
Bar, şol baram bolsa, meň üçin eziz,
Biziň aramyzda bir zatlar barmy?
Bu zatlara hiç ynanar ýaly däl,
Düýnem çagadyg-a.
Nedir bu ahwal?
Bilýän, senem köseýändir bu sowal,
Biziň aramyzda bir zatlar barmy?
Gel, gowusy, nämedigni bileli,
Ýogsam, örtär duýgulaň näbeledi.
Oturaly, bir karara geleli,
Biziň aramyzda bir zatlar barmy?