18:16

Jawa

Категория: Goşgular | Просмотров: 178 | Добавил: Bagabat | Теги: Hulio Kortasar | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

"Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024
Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024
Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024
Salam, Türkmenistan! / Goşgular - 01.01.2024
Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024
"Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024
«Отвергнув гордое сомненье…» / Goşgular - 29.02.2024
Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024
Alabahar / Goşgular - 21.03.2024
Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024

Teswirleriň ählisi: 2
0
1 rmametgurbanow  
295
Jawa bolanda, ýüklemek ýada ýük manyda berilýärmi?
Terjime gowy bolupdyr.
Minnetdar!

0
2 Bagabat  
43
Internetden tapan maglumatlaryma görä, Hulio Kortasar "jawa" diýen söz bilen öz döwründe ýaşlaryň arasynda meşhur bolan latynamerikan tangosynyň "jawa" diýlip atlandyrylýan bir görnüşini göz öňünde tutupdyr öýdýän.
Şu ýerde bir pikir geldi - Tanslaram edil adamlar ýaly. Möwriti geçýär - ölýär.
Gadymyýetiň: "Merlezon baleti - üçünji akt!" diýilýän asylzada sallam-sajaklykdan doly, haýaljak tanslaryn-a göz öňünde-de tutamok.
Kim şu wagt mazurka, kotilýon, polonez, polka, krakowýanka, pa de katr, kadril ýaly 19-njy asyryň bal tanslaryny edýär?
Bu meselede köçe tanslarynyň ömri hasam gysga.

Ýadyma düşýä, :-), geçen asyryň 90-njy ýyllarynda Kakow Öwezowyň (Kakow "eşek" diýýädiler) "eh limonçiki, wy maýi çerwonçiki" diýip aýdýan blatnoý aýdymynyň özboluşly bir toý tansyna mežnun bolardyk.

Ondan soň 2000-nji ýyllarda Mustafa Sandalyň "Onuň arabasy war, guzelmi-guzel" diýip bir aýdymyna, däli-telbe tans çykypdy.

Ýa-da geçen asyryň segseninji ýyllarynda gögele halkynyň hemmesi "Tansordisko" (Disko tansçysy) atly hindi kinosynyň täsiri bilen diskoň magşugyna öwrülipdi. Ondan soňam breýk-dansyň (robotlaryň tansynyň) ölemenidik.

Bir döwür bolsa Maýkl Jeksonyň "aý ýöreýşi" (лунная походка, moonwalk) biziň jahyl kellämizi pyrlaýardy.

Heh...

A siz bolsa, don Hulio, "jawa" diýýäňiz, "tango" diýýäňiz, "bolero" ýa-da "sambo" diýýäňiz...

Indiki ýaşlar bolsa, gardaşlar, tehnoň, tektonigiň, elektro-densiň, pappingiň we ş.m. yşgynda perwana :-)...

Megerem, bize-de öz döwründe ýaşy ellä ýetip barýan “garryjalarymyz”: “Bih, bü kelesaňlaň bo:p börüşlern-aýt! Şüleňem kädi-kellesinne nämmar? Heýç bilmiýäň! Edýän tänsleri dagy näteňet? Bü bor-a-how ine lezgiňka diýdi, ça-ça-ça diýdi, twist diýdi, halys bolmanda “degene gözüm mennen däl – gammar pyrlampaç” diýdi wir, narmanny tanslar...Päh, tüfüňemmiri diýsäni...” diýip gaýybana hüňürdän bolsalar gerek :-).

Olara-da öz döwrüniň “garryjalary” megerem: “Neçüýn, negözel küştdepdi oýnymyýaňyz-ow, peläketler!” diýip igenendirler...

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]