21:22 Kiçijek pelsepe, sadaja goşgy | |
KIÇIJEK PELSEPE, SADAJA GOŞGY
Goşgular
Howa maglumatyn berdiler şugün, Radioýaýlymda, teleýaýlymda. “Bulutsyz howa bor, güneşem çogun Eçiler-diýdiler –Türkmen ilimde” Begendim, ynandym, çykdym seýrana, Howa gorä geýindimde lybasym. Töweregi synlap galdym haýrana, Bulut üýşdi, ýagşam ýagarly basym. Bir ýere üýşdiler bulutlaň bary, Howa-da garaldy hem-de sowady. Asmandan guýuldy güýzüň ýagmyry, Maglumatlaň ýalanlygnyň subudy... ...Bulutlar hem gözýaşlarny dökerde, Ýiter gider, bolup gözümden gaýyp. Asmandan lowurdap güneş çykarda, Ýyladar kalbymy mährine çoýup. Ynsan ogly bolmaly köp şükürde, Ýene ýylar ülkämiziň howasy. Çünki, gara bulutlardan ýokarda, Ýagty günüň barlygy oň güwäsi. Azat NURGELDIÝEW. | |
|
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |