22:03

Ýaman gelin

ÝAMAN GELIN

Agalar, bir gelin gördüm, arwah deýin, al deýin.
Uzyn ökje köwüş geýip, uzaldyp gysga boýun.
Boýag bilen örtüp meňzin, bir ýasama gül deýin,
Ol gelini görüp, dostlar, men-ä geldim amana.

Başyň açyk, aýak ýalaň, geçip barýaň ýel kimin,
Köýnegiň hem syrlaşyp dur, biliň “misli gyl kimin”’
Biçüwi hem egri dyzdan, özüň türkmen däl kimin.
Ýaşamaklyk isleýärsiň kybap bolup zamana.

Gepletseň ýazygyn duýmaz, at dakar öň ýetene,
Ýalňyşyp lak ataýsaň, müner şeriň atyna.
Edebi gelişmeýär, boýuna syratyna.
Hiç ýigidi ýar etmesin, sen deý zanny ýamana.

Dyrnak ýaly peýdasy ýok, ojagyna-öýüne.
Bar pişesi bezeg bermek, garsak ýaly boýuna,
Çemin tapsa hemle atýar, bir garryja gaýyna,
Özi mydam ýaşlygyna gezjek deýin, hamana.

Bu goşgymyň äheňini men-ä bilmen, dostlarym,
Degişmemi, hakykatmy, meniň başym çykmady.
Duhi diýip, atyr diýip, üste sepen yslaryn,
Ysgan adam arasyndan, ynsan ysyn tapmady.

Azat NURGELDIÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 808 | Добавил: Azat_Nurgeldi | Теги: Azat Nurgeldiýew | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Жизнь / Goşgular - 29.02.2024
Göreş / Goşgular - 11.02.2024
"At bilen kowalap gördüler ony..." / Goşgular - 01.01.2024
Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024
Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024
Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024
Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024
Soltan / Goşgular - 27.03.2024
Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024
"Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024

Teswirleriň ählisi: 21
0
1 Garayolly1936  
830
Real durmuş häsiýetini özüne şygyrýet konssepsiyasy edip alan Azat şahyr bu goşgysynda zenanlar edebiniň kül edilýän ýagdaýyny käbir zenanyň mysalynda ajy ýaňsy bilen teswirleýär. Liriki gahrymanda janyýangyllyk, ahmyr... döredýän edep-terbiýe pozulmalary şygryň merkezi-ýadrosy bolup durýar.

1
2 Haweran  
411
Azat aga, goşgy gowy maksat b.n döredilipdir. Milli terbiýämiziñ barha agsamagy we ş.m... Ylalaşýan.
Emma adamlaryñ geýniş terzi b.n häsiýetlerine baha berjek bolmagymyz ýalñyş.

0
3 Haweran  
411
Uzyn ökjeli köwşi geýen, (kosmetiki) boýaglara boýanan zenan siziñ gözüñize "arwah" bolup görnenem bolsa, muny geýen-bezenen zenana we başgalara "perizat" bolup görünmegi mümkin.
Dogry, adamyñ geýniş terzinden belli bir derejede onuñ özüni alyp barşyna, terbiýesine baha bermek mümkin. Emma gutarnykly kesgitleme bermek ýalñyş bolar. Modnyrak egin-eşigiñ, ýa-da kosmetiki bezegleriñ zandy ýamanlyk, ýa ýagşylyk hiç hili baglanşygy ýokmuka diýýärin.

0
5 Azat_Nurgeldi  
283
Dogry, Haweran. Oňaryp kosmetika ulanýan gelin gyzlary göz öňünde tutaryn. Ýüzlerine kilolap tapan kosmetikasyny çalýanlara degişli.

0
4 Haweran  
411
Goşgyñ hemme bendi "amana, zamana, ýamana" ýaly kapyýalaşýan sözler bilen gutarýar, iñ soñky bendi döwlüp özünden öñki bentlere eýermeýär. Sebäp? Başga-da kemçilikli taraplary bar.

0
6 Azat_Nurgeldi  
283
Belliklerňiz kabul edildi we geljekde göz öňünde tutaryn.

0
7 ibrahimbadakhshan  
694
Azat Nurgeldi, Başgalaryñ aýdyp bilmedigini men aýdaýyn: Bu boş gürrüñlerden goşgy çykmaz, el götergil bu ýaramaz käriñden, Gowusy, proza ýazsañyz, mümkin degerli eserler döredip bilersiñiz!?

0
8 Azat_Nurgeldi  
283
Salawmaleýkim, Ibrahimbadahshan. Menä, walla, alasarmyk ýagdaýa düşdüm. Garaýolly aga birhili baha berdi şu goşga, Haweran ýalňyşlyklaryny we ýetmezçiliklerini sypaýyçylyk bilen belläp geçdi. Sizem çürt-kesik ýazma diäýdiňiz,
Meniňem öz auditoriýam bar, öz okyjylarym bar. Eger men Siziň maslahatyňyza eýersem olara näme jogap bereýin? Onsoňam Ybraýym aga anketaňyzda ýalňyşlyk gidipdir, düzedäýseňiz kem bolmazdy. Anketaňyza giremde tötänden goräýdim.

1
9 Hyýalkeş  
752
Dogrusy, ýüregine ýazmak guýlan adama çürt-kesik "ýazma" diýmegi nädogry hasaplaýan. Galyberse-de hökman şony diýmeli bolsa men-ä muny diýip biljek däl Azat aga: Sebäbi onuñ döredijiliginde halaýan goşgularym bar. Ybraýym daýa Azat aganyñ tegine girip, beýleki goşgularyny okap, soñam bu beren maslahatyny täzeden pikirlenmegini maslahat beresim gelýär.

0
10 Azat_Nurgeldi  
283
Mahym, uýam, sag bol, beren goltgyňyza. Men kän bir ýazyp ýören adamam däl, ýöne käte kalbyma sygmadyk setirleri kagyza geçiräýmäm bar. Onam öň hiç ýerde hiç kim bilen paýlaşmaýardymam, internede girip paýlaşan bolup ýörşüm. Bu goşgy degişme diýip ýazylan, 10-12 ýyl öň. Bilýän gyz gelinleriň hemmesi beýle däl, ýöne käbir gyzlaň çenden artyk kosmetika ulanyp, eşikleri gelişse gelişmese gözedüşgünç geýinip ýörenleri bar. Şolara degişlidi bu goşgy.

0
12 Haweran  
411
Azat aga, Siz gowy goşgulary döredip bilýän şahyr, tejribeli edebiýatçy, döredijiligiñ ujundan ýañy giren ýaşlarymyza-da degerli maslahatlary berip biljek sowatly adam. Belligime dogry düşüneniñ ü.n-em aýratyn minnetdar. Ybraýym aga goşgyñ kemçilikli hasaplan ýerlerini belläp geçse gowy bordy, kimem bolsa "ýazma!" diýmek ýalñyş. Herhal jany sag bolsun. Ýöne biziñ hemmämiziñ eden belligimizden, pikirlerimizden Ybraýym aganyñ teswiriniñ peýdaly boljakdygyna ynanýaryn. Gaýtam görýäñizmi, goşgyñyzyñ okaldy sany bir günde 100-den geçip gitdi. ))
Çekişmedik bekişmez. Muny hemmämizden gowy özüñiz bilýänsiñiz. "Ýazma!" diýlende ýazylmajak bolsa, eline galam alan tapylmazdy bu jelegaýlarda. Ýa-da muny özüne özi diýmedik döredijilik adamsy bardyr öýdemok. Täze gowy goşgularyñyza we olary şu saýtda paýlaşmagyñyza hemişe garaşýandyrys. Sizi halap okaýan okyjylaryñyzy namut goýmañ.

0
11 eatayew33  
761
"Bizi, öňde-soňda, ýürekden dömüp,
Ýazylmadyk şygyrlarmyz öldürer"

Gurbannazar Ezizow

-1
13 ibrahimbadakhshan  
694
Sagja boluñ Mahym ýegen! Hökman okaryn, mümkin öñem okandyryn, ýadymda däl!? Bir zady belläp geçesim gelýär, Azat aga özüni şahyr diýip belleýär (Şahyr 1964), ýaş ýigidem-ä bolmaly däl? (1964) Kim özüne şahyr diÿmäge hakly? Meniñ pikrimçe hiç kim. Sebäbi şahyrlyk mertebesi bir mukaddes dereje, ony ýazýanyñ özi däl-de uzak-uzak ýyllaryñ dowamynda goşgulary doly iliñ ýüregine, añyna siñen soñ, il-günüñ özi şahyr adyny berer. Beÿik pyragy ýaly, Gurbannazar Eziz ýaly, ...Ikinji aýtmaly zadym, şu "Ýaman gelin"li goşgy hakda...

2
18 Azat_Nurgeldi  
283
Men şahyr 1964 login edip almandym, ol meniň email adresimiň bir bölegidi, soňam düzedip bilmedim. Men hemme ýerde öz adym bilen girýärdim.

-1
14 ibrahimbadakhshan  
694
Goşgynyñ mazmuny dogrudanam goşga laýyk mazmunmy? Azat aga degişme diýipdir, degişme okyjylary ýylgyrdyp bilmeli, böwrüni diñledip bilmeli. Bu goşgynyñ mazmuny ýigrençden, töhmetden doly. Aýallaryñ boýunyñ kelte (garsaklyk) bolmagy, haçandan bäri türkmenleriñ arasynda aÿp hasaplanÿar? haçandan bäri gelinlere bezenmek gadagan edildi? Ýa-da nähili lybas geýinmek şahsy bir zat dälmi? Elbetde aýallaryñ içine kämilleşmedikler bardyr, ÿöne ýaman kişi erkekleriñ içinde-de az däldir. Şolara-da şular ýaly bir zat ýazyñ, haýyş! Biz 21-nji asyrda ýaşabam şu köne pikirleri goşgymyza mazmun edinsek, aý bilmedim-de!? Şygryýet taÿdan hem, şu goşgynyñ bu mesragy ÿa beýdi ýa-da bendi ajap ýerine düşüpdir diýip saýlap tapara zat ýok. gepimi uzatmaýyn, ýyllar boýy hoşamaýlabam aýdyp gördük, köplenç netije bermedi, käwagt gatañragam aýdyp göreýin diýdim. Azat aga menden kyn görmäweriñ, men bu saýtda tanaýan kişim ÿok, hiç kime-de ýamanlygym ýok. Biraz Türkmen edebiýatyna janym ýanýar. Belki indikide şular ÿaly ýazgyny (goşgy däl) internetde paýlaşjak bolanyñyzda bir salym diñigenersiñiz!?

0
16 Haweran  
411
Ine, bu başga gürrüñ. Goşgy şeýdip tankytlanmaly.

1
15 Gumlygelin  
8
"Kim gaýkyny söýer-kimem küýküni" diýişleri ýaly köpleriñ gözüne kosmetiki boýaglar bilen boýalan zenan ýakymly. Azat agamyz bolsa sadalygyñ, salyhatlylygyñ, asyllylygyñ ašygy. Şoñ netijesinde-de şu goşgy döräpdir. Özümem sadalygy söýýän ynsan. Şoñ üçinem bu goşgy maña-ha ýarady.

0
17 Gumlygelin  
8
...Ysgan adam arasyndan, ynsan ysyn tapmady. Şu setir hem goşguda nähili zenan barada gürrün edilýänini aýdyñ edýär ahyry...
Azat aga belki, bu goşgyn tersine asylly, salyhatly zenany taryplap goşgy ýazan bolsañyz hemme kişi üçin, ýagny goşgyñyza düşünmeýänler üçinem ýakymlyja bolardy.
Azat aga meñ pikirimçe "Iki jahan awarasy"diýen goşgyñyz üçinem siz ýazmaga mynasyp. Dowam ediñ!

1
19 Azat_Nurgeldi  
283
Käte tötänlikde aýdylan bir söz,
Daşa öwrülýärde degýär ýürege.
Köşeş, ýürek, köşeş, tolgunma biraz,
Düşünjek bolaly birek-birege.

Belki ol söz, däldir seniň salgyňa,
Belki ol ýürekden aýdylan däldir.
Köşeş, ýürek köşeş, biraz tolgunma,
Bagyşlap bilmeklik, bu ýagşy päldir.

Ýöne käbir sözüň salýan ýarasy,
Biterden has agyr, has çökder gelýär.
Bozulýarda iki dostuň arasy,
Ýürek daşdan beter, agramyn salýar.

Ýüregimizem daşa dönüp gitmezmi?
Beýdip, gursagmyzda toplap ýörsek daş.
Dosty dostuň günäsini ötmezmi?
Tolgunma, eý, ýürek, sen biraz köşeş.

Parhy ýok, dostuňmy ýa-da nätanyş,
Her sözi oýlanyp sözlemek gerek.
Mylaýym söz bilen gazansaň ýeňiş,
Şonda, şatlyk dolup, ynjalar ýürek.

Azat NURGELDIÝEW.

-1
21 ibrahimbadakhshan  
694
Şu goşgy örän gowy goşgy, (Käte tötänlikde...) Hem gozgalynan gürrüñ janyña siñdär, hem-de goşgy şygryýete baý. Daşa öwrülip bilýän sôzi ýürege degirip bilseñ, soñam indiki setirlerde daş belleşýän ýürekleriñ özem daşa dönjegini nygtap bilseñ, ine sözler şygyr bolýar duruberýär. Gaýrat et Azat aga!

1
20 Azat_Nurgeldi  
283
Bu dünýä bir dawwa, şerdir
Haka uýulmagan ýerde.
Ýüzün görmezlik derkardyr,
Söýgiň duýulmagan ýerde.

Barsaň işiň düşüp wajyp,
(Adam göwni bir biujyp )
Göwnüň ýykar, etmez ejap,
Hoş söz diýilmegen ýerde.

Oýlan sen barmazdan burun,
Dilegiň tutarmy orun,
Doýa bilmez bir aç garyn,
Halal iýilmegen ýerde.

Bilinmez hak, haram nedir,
Özün bilmez gybat eder.
Görünme ,borsuň bigadyr,
Sarpa goýulmagan ýerde.

Nadanlara ýakyp janyň,
Dar eýleme giň jahanyň.
Azat, besdir, ýum dahanyň,
Many duýulmagan ýerde.

Azat NURGELDIÝEW.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]