21:01 Köşeş, ýürek, köşeş | |
KÖŞEŞ, ÝÜREK, KÖŞEŞ
Goşgular
![]() Käte tötänlikde aýdylan bir söz, Daşa öwrülýär-de degýär ýürege. Köşeş, ýürek, köşeş, tolgunma biraz, Düşünjek bolaly birek-birege. Belki ol söz, däldir seniň salgyňa, Belki ol ýürekden aýdylan däldir. Köşeş, ýürek köşeş, biraz tolgunma, Bagyşlap bilmeklik, bu ýagşy päldir. Ýöne käbir sözüň salýan ýarasy, Biterden has agyr, has çökder gelýär. Bozulýarda iki dostuň arasy, Ýürek daşdan beter, agramyn salýar. Ýüregimizem daşa dönüp gitmezmi? Beýdip, gursagmyzda toplap ýörsek daş. Dosty dostuň günäsini ötmezmi? Tolgunma, eý, ýürek, sen biraz köşeş. Parhy ýok, dostuňmy ýa-da nätanyş, Her sözi oýlanyp sözlemek gerek. Mylaýym söz bilen gazansaň ýeňiş, Şonda, şatlyk dolup, ynjalar ýürek. Azat NURGELDIÝEW. | |
|
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |