04:21 Mende daşa-da söýgi bar | |
MENDE DAŞA-DA SÖÝGİ BAR
Üşedi ýene-de gözlem, Seniň bakyşyň sowukdy. Diliň hem doňumy çözmez, Sözleň mähirsiz, solukdy. Kirpigiňden buz sallana, Saçlaryňa gar sepilen. Dodaklaň bilen, hamana, Gyşyň ýaňagy öpülen. Yaman üşetdiň ruhumy, Kalbyň buzdur, elleriň – gar. Gam çekme, dogry, sowuksyň, Mende daşa-da söýgi bar. PÄK SÖÝGIMDEN TANALARYN Kimden yz galjak dünýäde, Kimdir biriniň gözi. Biriniň türbedi aýdar Kim bolanlygyn, Biriniň sözi. Hemmeler isleýär adyn goýmagy, Ýöne asyrlaryň geçmegi bilen, Binýady ýalandan bolan Galalaň galmaz toýny-da. Adamlar biler baryny, Ýazgararlar ýalanlary, Ýakarlar hak sözden galanlaryn hem. A men… päk söýgimden tanalaryn men. Terane TURAN REHIMLI, Terjime eden: Orazmyrat MYRADOW | |
|
√ Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024 |
√ Käbir aýallara melek diýýäñiz / Goşgular - 04.02.2024 |
√ Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
√ Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024 |
√ Göreş / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024 |
√ «Превратила всё в шутку сначала…» / Goşgular - 29.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |