17:13

Metjide barmagyñ edebi

METJIDE BARMAGYÑ EDEBI

□ Metjide gireñde sag aýagyñ bilen girmek, çykañda çep aýagyñ bilen çykmak sünnetdir.

□ Metjitde hapa, porsap duran eşikde, hapa joraply namaz okalmaz. Sogan, sarymsak iýen adam agzyndan ysy gidýänçä metjide girmese oñat bolar.

□ Öñdäki saplarda (hatarlarda) boş ýer barka, yzdaky hatarlarda durmak dogry däldir.

□ Parz namaz okalanda, namaza duranlar eginlerini birek-birege degrip durarlar.

□ Juma namazynda ymam parz okaýarka, sünnete durmak mekruwdyr.

□ Sünnet bilen parz namazyñ arasynda gürleşmeseñ sogaby bardyr.

□ Metjitde iýip-içilmez, ýatylmaz.

□ Metjitde söwda-satyg edilmez.

□ Metjitde bihuda gürrüñ etmek külli günädir.

□ Metjitde gaty gürleşmek, nutuk sözlemek, dawa-jemjel etmek günädir.

□ Hutbamy dilewarlygyñy görkezjek bolup howalaly okamak günädir.

□ Jemagata ýetişjek bolup, metjide ylgap gitmek nädogrudyr.

# watan_2000
Категория: Pedagogika we edep-terbiýe | Просмотров: 372 | Добавил: Hаwеrаn | Рейтинг: 3.0/1
Awtoryň başga makalalary

Pedagogika we edep-terbiýe bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]