00:44 Mugallyma kesgitleme | |
MUGALLYMA KESGITLEME
Bilim dünýäsinde gül açmak üçin, Bagban zerur ähli ynsana derek. Dünýäñ ak-garasyn görkezmek üçin, Durmuşa düşünýän mugallym gerek. Mugallym diýilýän her bir ynsana, Gadagandyr gije ukyn ýatlamak. Onuñ öz ömründe bir aladasy: Adamlaryñ düşünjesin saplamak. Ol göýä bir şemdir, garañky tüme, Oñarsa kiçijek ýagtylyk saçýar. Ereýänçä üşänleri gyzdyrýar, Hem gijäñ görünmez syrlaryn açýar. Oña ýene-de bir zerurlyk gerek, Eden işleriniñ miwesi boljak. Ýer ýüzüne ýene bir bag ekmeli, Özi guran soñra dowamy boljak. Şony ýetişdirmek ýeke maksady, Şoñ üçin aýaklar tiken basýandyr. Mugallym-bu täsin, syrly zemine, Kesgitleme berjek ýeke ynsandyr. Oña ynam bilen barýan ýollaryñ, Bilim Güneşinden ýaña ählisi ýagty. Seniñ saplanmadyk gury ömrüñe, Özüni köýdürip getirer bagty. Mugallym-bu dünýäñ syrly kitaby, Onda jemli barlyklaryñ beýany. Isa HOJAMERDANOW. | |
|
√ Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Şert / Goşgular - 09.02.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Yzany yşkyma ýamag etdim / Goşgular - 15.04.2024 |
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |