22:47 Özüñ oýlan | |
ÖZÜÑ OÝLAN
Goşgular
Öz işimiz bilen başagaý bolup, Elimiz ýetenok hak borjumyza. Ähli işe wagt aýyryp bilýärkäk, Namaz üçin dözemzok wagtymyza. Ylgap ýörüs, ebsimize "Haý!" diýmän, "Taparys" diýip, däne doly ammary. Birjigem eglenmän, bir pursat durman, Gözläris, ammara barýan ÿollary. Emma, ýatlarmyza düşmez bir sorag: "Neçün geldik giñ jahanyñ goýnuna?" Däne gözlemäge geldikmikak biz, Ýa boýun bolmaga nebsiñ oýnuna? Heý, sähel wagtyñam bolmazmy, ynsan, Kybla dönüp, sežde etmeklik üçin? Iñ gowusy, özüñ oturyp oÿlan: "Geldiñ giñ jahanyñ goýnuna neçün?" Isa HOJAMERDANOW. | |
|
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |