13:19

Pyhy Tagan

Категория: Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly | Просмотров: 300 | Добавил: Bagabat | Теги: Pyhy Tagan | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 11
0
1 Bagabat  
43
Pyhy dädemizem (Pyhy Tagan), edil Ependi, Esenpolat, Myraly, Kemine ýaly türkmeniň ruhy alaýazlygynyň nusgasyna öwrülen şahs. Halk ony eý görensoň, oň özi bilen bolup geçen-geçmedik wakalardan ýomak ýasap, o pahyryň halkyň hakydasyndaky, ýüregindäki ornuny şo uzaldyp gidip otyr, çuňlaşdyryp gidip otyr.
“Pyhy dädeli” ýomaklardan il arasyna giňden ýaýranlaryndan meň bilýänjelerim:

Törpi

Bir gün Pyhy däde howlusynda, sekiň üstünde aýaly bilen çaý içip otyrmyş welin, goňşusy salam berip gelipdir:
-Pyhy däde, törpiň ýokm-aý?-diýip sorapdyr.
-Bar,-diýip Pyhy däde jogap beripdir.
-Özümiňkini tapmadym. Bir zat hyrdamaly welin, ulanmaga berip bilmersiňmi?-diýip haýyş edipdir.
-Näme bermän? Al, ine, äkidäý!-diýip Pyhy däde, ýanyndaky aýalyny görkezipdir.

0
2 Bagabat  
43
Kädili somsa

Bir gün Pyhy däde aýaly bilen agşamara ýaňybir öňüne kädili somsany alypdyr welin, daş işikden ardynjyrap myhman gelipdir. Türkmeniň dessuram hemmä mälim. Pyhy däde onuň habaryny almazdan, saçak başynda oturdyp, hödür-kerem etmäge başlapdyr.
Myhman öňünde goýlan somsadan göwünli-göwünsiz çüm-süm edip ugrapdyr. Gözem daş işikdemiş. Göwnüne bolmasa, kädili somsadanam özge ýene-de bir teýliräk çam-çüm geläýjek ýaly bolup durandyr-da.
Ahyry tamasy çykmansoň, ýaňky myhman süwümsizligini edip, Pyhy dädä garyn küýsegini ýaňzydarman bolupdyr:
-Pyhy däde, eşitdiňm-aý, şü kädili somsa birhili, köpräk iýseň aklyňy kemeldýämiş diýýäler welin,...
Ýeri, indi gepde basylyp, gep alyp galjagam Pyhy dädemi?
Hasam, golaý-goltumynda dag ýaly bolup gelnejemiz direnip durka?
Ol işdämenlik somsa iýmegini birjikde haýallatman:
-Arkaýynjak iýiber-r inim, iýiber-r-r! Doga samsyga düýbünden täsir etmiýä!-diýipdir.

0
3 Bagabat  
43
Towuk ogrusy

Pyhy dädäň obasynda ady belli towuk ogrusy bar eken. Bir gezek gijäň ýarynda towuklar uly gykylyk turzanda, Pyhy Taganyň aýaly:
-Pyhy, tursana, pylany towuk ogurlamaga gelipdir öýdýän – diýýär.
Onda Pyhy däde:
-Aý, keýwany, ýatybersene, pylany alsa, bir towuk alar, örenmizi görüp: “Bişirip ber” diýse näme etjek? – diýipdir-de, beýlesine öwrülip ýatyberipdir.

Ýaňra

Yzyny üzmän gürleýäniň biri Pyhy dädä yüzlenipdir:
-Pyhy däde, size diýseň synçy adam diýärler. Eýsem, men näçe ýaşymdakam?
Pyhy dädäň jogaby köp garaşdyrmandyr:
- Öte synçy adamam seň ýaşyňy anyk bilmese gerek. Sebäbi ýüz-gözüň-ä kyrkdan geçeniňki, aklyň bolsa alty-ýedi ýaşlyňky…

Meşhurlyk

- Men bir oba bardym welin, ähli adamlar daşyma üýşäýdiler. Munuň sebäbi nämedenkä? – diýip, özüni meşhur edip görkezjek bolýanyň biri Pyhy dädeden sorapdyr. Şonda Pyhy däde:
- Megerem, ol oba heniz maýmyn eltilen däldir – diýip jogap beripdir.

Düýeçal söwdasy

Pyhy däde bir gezek şäheriň bazaryna baranda, obaly bir garyndaşy gabatlaşyp:
- Pyhy däde, meniň bir zerur işim bar, sen gaýrat et-de, gelýänçäm şu düýeçallarymy sataweri – diýip, sargyt edip gidýär.
Şol wagt bir müşderi gelip:
-Ýaşuly, düýeçalyň gowumy? – diýip sorapdyr.
Öňem ýolundan galyp, jany ýanyp duran Pyhy däde, harydyny öwmäge derek:
- Wah, ballym, gowy bolsa, ýol aşyp, şähere gelinjek-maý…Gowy bolsa, öz obamda öýe gelibem alýarlar – diýip jogap beripdir.

0
4 Bagabat  
43
Çekize jellaby

Pyhy däde bir gezek deňizýakaň ilatynyň çekizäni gaty gymmat bahadan şüweleňli satyn alýandygyny eşidipdir. Onsoň obadan kiçeňräk ýük ulagyny kireýine tutupdyr-da, öz obasynyňam, töwerek obalaryňam birki sanysynyň süzmesini haltasy bilen çöpläpdir. Soňam Hazaryň ýakasyna üstünden görüp çekize satmaga äkidipdir. Niýetem harydynyň üstünden ep-esli görüp, birneme pul gazanjakdan.
Bärden baryp, kenarýaka demiýol menziliniň bazarynda düşüpdir-de, çekizeli haltalaňam birdir ýarymdyryny öňüne düşürip satmaga başlapmyş. Saýasyz-taşasyz ýerde, günem jyzylap ýakyp gelýärmiş. Oň bolsa öňünde siňekläp ýatan süzmesiniň ýüzüne seredýänem ýokmuş.
Şo pille-de geçip barýan pullurak biri o ýaşulyň jokrama yssyda bolup oturyşyna dözmän, öňündäki süzmeleri alarman bolupdyr. Harydyndan peýda görmekden geçen, bahymrak ondan dynsa razy Pyhy däde söwdalaşman süzmelerini beripdir. Şonda hasam göwni joşandyr-da, ýaňky pully ýigit, ýaşula kömek etmek maksady bilen:
-Ýaşuly, men ýene-de aljak. Çekizäň aňyrsy barmy?-diýip sorapdyr.
Öz eli bilenjik öz düşüp ýören gününe içi-bagry tütäp duran Pyhy däde oň jogabyny nagt edipdir:
-Wah, ja-a-a-n bally-y-m-m, şü ýeňsedäki Kaspini çal etseňem ba-a-a:!

0
5 Bagabat  
43
Dişagyry

Bir gezek Pyhy dädäň gaty erbet dişi agyryp, uzak gije ýatyp bilmeýär. Ertesi aýaly Owadan ýeňňe:
-Pyhy, seň durmuşda çydamadyk jebir-sütemiň az-az. Gel-gel indi, agyrýan dişiňi sogurtmaga welin gorkýaň. “Är garrasa gorkak bolar…” diýen gepem bar. Ýöne beýdip özüňi horlap ýörme! Gowusy, şol agyrýan dişiň peýdasyndan geç-de, mertlik edip, lukmana bar, dessine sogrup berer.-diýýär.
Erkek adamyň mertebesi, mertlik-namartlyk ara düşeni üçin Pyhy däde ýüregini daşa baglap “Saglyk öýüne” gidýär. Sähel salymdan öýüne dolanyp gelýär. Owadan ýeňňe:
-Pyhy, aýdanyma “hä” diýip, akyl etdiň! Nätdiň, dişiňi sogurtdyňmy?-diýip soraýar.
Pyhy däde:
-Diş lukmany iş ýerinde ýok eken. Ýene-de üç günden işe çykjakmyşyn. Oňa çenli diş agyrym-da galar-diýip, şadyýan ýylgyrypdyr.

0
6 Bagabat  
43
IL AÝDAR

Diýýärler kisede gizleseň bizi,
Uzak meňzil geçmez duýdurar özi,
Gümürtik işleriň açylar ýüzi,
Işik aýdar, ojak aýdar, kül aýdar.

Parhy ýokdur bolsaň eger her ýanda,
Şol ýerde hesip bar, şol ýerde san-da,
Isle ýerde bolsun, isle asmanda,
Aýaz aýdar, bulut aýdar, ýel aýdar.

Dostum, gözüň açyberme şer diýip,
Gara nebsiň seni goýmaz ýör diýip,
Bet işe ýüz urma çola ýer diýip,
Depe aýdar, dere aýdar, gol aýdar.

Galat işi makullama hak diýip,
Hak dostdan dänmegin puly ýok diýip,
Mala sütem etme dili ýok diýip,
Dilli aýdar, dilsiz aýdar, lal aýdar.

Bet iş etseň, ýeten bolmaz dadyňa,
Gelişmez ol abraýyňa, adyňa,
Hyýanat eýlesen köpüň zadyna,
Sen aýtmasaň, joşup gelen sil aýdar.

Pyhy TAGAN.

«Sowet Türkmenistany» gazetiniň 1969-njy ýylyň 5-nji ýanwaryndaky sany.

Täze türkmen elipbiýine geçiren: Bazar KÖÝNEKOW.

2019-njy ýylyň 22-nji noýabry.

0
7 Nurdan  
100
"Onnoñ bir Pyhy Tagan bar eken..". diýip degişme aýdyp ulalan çagalar biz, emma indiki çagalar bilýänem däldir bu ussat Pyhy dädäni.

0
8 Nurdan  
100
85 ýaşap ötüpdir, imany hemrasy, jaýy jennetden bolsun! "Ussatlar ölmeýär" olar eserlerinde dowamat tapýarlar..
Ýatladanlar-da sagbolsun, sogabyñyza ýazylsyn, ömrüñiz uzak bolsun!

0
9 yalnyzozi660812  
1367
1920 нжи йылда доглан болса фронтчам болаймалы ялы велин, уруша гитмандир ойдйан?

0
10 silapmuham  
1368
Zähmet frontunda göreşendir. Ýa-da saglygy dagy pesräk bolup brony bolandyr diýýän men-ä.

0
11 silapmuham  
1368
Hemem 41-45 urşy döwründe transportirowka gyn eken.
Daşoguzdan urşa ugran ýigitler Lawaga baransoňlar gämi bilen Gazagystan ondanam uruş bolýan ýere ugradylýar eken diýip eşitdim.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]