15:59

Rubagylar

Категория: Goşgular | Просмотров: 371 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Allaýar Çüriýew | Рейтинг: 3.5/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024
Hasap / Goşgular - 18.02.2024
Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024
Tilki bilen üzüm / basnýa / Goşgular - 10.01.2024
"Ulag gidip barýar..." / Goşgular - 28.04.2024
Жизнь / Goşgular - 29.02.2024
Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024
Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024
Erjellik / Goşgular - 05.01.2024
Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024

Teswirleriň ählisi: 3
0
1 Revo  
484
Şahyr şahyr däldir arz edip ýörse - bolýar.
Erkek erkek däldir karz edip ýörse - ýeter - ýetmeziň çagasy erkek däl.
Halk başyna towkudyr ol hökümdar
Akmagyň işini dürs edip ýörse - akmak, akmaklygy üçin haksyzmy?! Beh, örän geň pikir ýüwürtme...

Özümizi özümiz kän aldadyk,
Melulmydyk ýa-da serhoş haldadyk?
Düşünmedim çarhy pelek oýnuna,
Gülmeli ýerinde çyndan agladyk - gowy, örän gowy...

Bu ne döwür, ne ahwalat, ne jebir?!
Ýaňralar serçe deý jibir-de-jibir - serçeleri kemsitme ýaly bolupdyr. (Serçelerem boş ýaňraýan däldirle)
Tokaý otlap, at gazanan kişi kän,
Gyzgan bitýä indi, tokaýdy nebir - ýanyk ýerde köp ýyllaryň dowamynda ösümlik ösmeýän bolmaly. (Haşal otlary ýoklamak üçin mellek ýerlere kül dökülýändir)

Dostuň gaplaň çyksa, wah, armanym ýok - gaplaň deregine arslan sözüni ulalan bolsa has ýerlikli bolardy. Arslan - gaýduwsyzlygyň, batyrlygyň, mertligiň, adyllygyň, hökmürowanlygyň nyşany hökmünde-de edebiýatda ulanylýar.
Ýylan bolup çaksa, wah, dermanyň ýok - ýylanyň zäherine, ýylanyň zäheri bilen em edilýär.
Tomus güni serçäni dost tutundym - ýene serçemi, beh...
Döwek döwüp goýan, wah, harmanym ýok!

Pederin ynjydan zürýat ne derkar,
Ganhoryň ýasynda perýät ne derkar.
Ýakama tüýkürdim bir gün aýlawda,
Eşek ýaryşynda bedew ne derkar - bolýar.

Akar suwuň bulananyn gördüm men - güýçli akymly, akar suw, akýan ýerini bulandyrýandyr.
Döwranlaryň dolananyn gördüm men.
Erem bagyn wada berip dilinde,
“Pygamberleň” gomalanyn gördüm men - gomalmak - gomparmak?! Menä kellämden ýokary bökjek bolmazdym. (Bu gün dil özüňki bolsada, ertir ýaradanyňky)

0
2 myhman  
732
Şahyr şahyr däldir arz edip ýörse, - Şu goşgyň özem durşuna arz bolup dur.
Erkek erkek däldir karz edip ýörse, - Revo menden öňürdipdir. meňem bergim bar
Halk başyna towkudyr ol hökümdar
Akmagyň işini dürs edip ýörse. - dürs etse gowy, dürs hasap etse kyn. başga-
da towkulyk häsiýetler kän
Özümizi özümiz kän aldadyk, - dogry
Melulmydyk ýa-da serhoş haldadyk? -bilemok, geçiň
Düşünmedim çarhy pelek oýnuna, - özümizden
Gülmeli ýerinde çyndan agladyk. - aglamaly ýerinde güldük.

Bu ne döwür, ne ahwalat, ne jebir?! - bilemok, geçiň.
Ýaňralar serçe deý jibir-de-jibir. - dogry.
Tokaý otlap, at gazanan kişi kän, - tokaý otlap, agaç dikdi adyny alýanlar näme
Gyzgan bitýä indi, tokaýdy nebir! - meň ýadyma düşenok

Dostuň gaplaň çyksa, wah, armanym ýok! - seni iýmese bolýar.
Ýylan bolup çaksa, wah, dermanyň ýok! - meni çakmasa bolýar.
Tomus güni serçäni dost tutundym, - zyýansyz guşjagaz (iýse-de bolýar)
Döwek döwüp goýan, wah, harmanym ýok! - ýeke serçäň işi däldir

Pederin ynjydan zürýat ne derkar, - peder ýalňyş ýolda bolsa näme?
Ganhoryň ýasynda perýät ne derkar. - her kimiň ýasynda çagasy perýat edýär
Ýakama tüýkürdim bir gün aýlawda, - noçomment
Eşek ýaryşynda bedew ne derkar? - bilemok, geçiň. (at ýaryşynda eşek birinji
gelse näme?)
Akar suwuň bulananyn gördüm men, - menem
Döwranlaryň dolananyn gördüm men. - menem
Erem bagyn wada berip dilinde,
“Pygamberleň” gomalanyn gördüm men. - ýakama tüýkürdim (diýen sözüňi okap)

0
3 Myhman  
Oyindyr gaty gormesek yok

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]