02:04 Säher | |
SÄHER
Goşgular
![]() Halyl Kulyýewe Dañ agarýar gadym endigi bilen, Ýüzi ýagty, ýürek maksady aýan. Tebigata berip säher salamyn Öz öýümden her gün işe ugraýan. - Öñden çykýar hoşniýetli adamlar, Ganat berýär hoşniýetli köñüller. Ak sähere toý şatlygyn seçip dur Ýigitleriñ bagty ýaly ter güller. Bu säher şeýle bir jak-jaklap gülseñ, Dag-düzler, sähralar ýañlansa gitse! Ýa-da gygyryplar aglasa birdem, Ýürekde hasratlar soñlansa gitse! Emma gaty tolgunamok, aglamok, Çünki säherlerde adatylyk bar. - Ýaşyl otlañ jemalyna baglanyp, Şol bir heñin gaýtalaýar bulaklar... Bu säher birini bagt bolup öper. Kime hasrat berer... (Bilýän deñ dälin) - Bu säher biriniñ doglan günüdir, Ýogalan günüdir ýa bir bendäniñ... Tükenmez oýlary hyýala öwrüp, Gozgaman hiç kimiñ ýürekde derdin, Tylla Güneşimi ýüzüme sylyp, Işime ugraýan ýylgyryp her gün. Döwlet ANNAMYRADOW. "Sowet edebiýaty" žurnaly, 1987 ý. | |
|
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |