00:43 Men bir dagdym | |
MEN BIR DAGDYM
Goşgular
![]() Ahmet Bekmyradowa bagyşlanýar Men—dag idim, pytrap gitdi daşlarym. Men—bag idim, ýapraklarymy uçurdym. Begdim—bu gün girdabynda açlygyň, Oýunçydym—döwlerimde utuldym. Aşygam men—magşukdan zar eýledim. Diwanadym—akyl tutdy ýakamdan. Derwüş olam—ömrümi har eýledim, Barlylykda gallaç galdym makamda. Bir çyragdym, sönüp barmyş şem bolup, Bendi kylmaz peýkerleriň çyraýy. Älem idim, galdym gury ten bolup, Golaýym ýok—neýlerem men yragy! Bir şaýoldum—ýoda bolup soňlandym. Hökümdardym—atylmyşam zyndana. Ýakyn içre ýada gelip diňlendim, Äşgär idim—öwrülmişem pynhana. Altyn köşkdüm—döndüm weýran haraba, It-guşlara apardylar läşimi. Gylyjym ýok, münere dergazaba, Galkanym ýok, ýapar ýaly döşümi. Derde uçrap, ýük astynda ýegşerdim, Kerwen ýolda—başyn çekjek nerim ýok. Käbä bakyp, Kerbelada gyşardym, Hunum sorjak serwerim ýok, serim ýok. Gürläp bilmeý—sogurdylar tilimni, Suwa taşlap, çykardylar ataşdan. Dermendä dakdylar Taňryň ölümni— dirilikde tabydyma sataşdym. Müsür içre tagty-rowan saklap men, Kenganymda gul bahasna satyldym. Düýn zerbapdan düşegimde uklap men, Bu gün sowuk kepen içre tapyldym.. 1992.ý. Döwletgeldi ANNAMYRADOW. | |
|
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |