16:31

"Oba depderi" goşgular toplumyndan

Категория: Goşgular | Просмотров: 394 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Döwlet Garkyn | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024
Hasap / Goşgular - 18.02.2024
Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024
Tazy / Goşgular - 30.01.2024
Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024
Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024
Şert / Goşgular - 09.02.2024
"Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024
"Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024
Nokat / Goşgular - 28.01.2024

Teswirleriň ählisi: 8
0
1 mango  
651
näçe "Men oba gideýin... Sähra gideýin..." diýilse-de oba gidilensoň ýene yzyňa "şähere gaýtsam" diýilýämikä diýýän...
"sahra gideýinde" obadaşlarynyň atlaryny agzamagyny halamadym.
beýle stil özüne we obadaşlaryna gyzyklam bolsa, ýat birilerine (ýa-da maňa) geň eşdilýär....
---
bir obada juma namazyndan soň ymam uzyn-uzyn doga edipdi: (atlary hat ýazyp iberildimika?) ... metjidimiziň düýbüni tutan pylan agaň, metjidimiziň ilkinji azançysy pismidan agaň, gurluşygyna kömek eden pylan baýyň, ilkinji garawuly pylan agaň, aýaly pylan ejäň, şeýle-de pylan gelnejäň, pylan ejäň... ruhlary şat bolsun.... diýip, bir-süri kişileriň adyny agzapdy...
geň ýeri, metjit käbir toparyň hususyýetçiligindäki obýekt ýaly göründi.
soň-soňlar ýa biri käýýedi, ýa akyllaryna döndüler... dogalary (at tutmazdan) umumylaşdyryp aýdyp başladylar....
----
goşgy gowam bolsa at sanawyny halamadym...

0
3 Елена_Прекрасная  
462
"Obam diyip aydym aydyp şäherde ýaşap yörmeli. Özem yeke özüñ yaşap yörmeli. Beyleki obalylary getirmeli däl. Olar obasynda yaşabersinler. Oba gowa. Ynha men obam diyip sizi ýatlap goşgam ýazdym " diyen pikirler kellämden geçdi. Oba hakynda Atajan Annaberdiniñ goşgularyny okaýsañ. Ýürek bilen ýazylan

0
2 mango  
651
Ýap boýunda başyn yran gamyşlar,
Ak ýaglykly peýkerleriň taýydyr.
(TOMUS ÝAZGYLARY)

anekdot ýada düşdi.
ýewropada maşynly gezeňizde (serhetler прозрачный) gollandiýa geçip gidendigiňizi nädip bilmeli - diýip soran bolýa, hem jogap berýär:
-haçanda sygyrlar gyzlardan owadan bolanda, siz gollandiýadasyňyz.
(golland sygyrlary dünýä meşhur).
ýokarky setirde "başyny yraýan gamyşlaryň ak ýaglykly peýkerlere (gyzlara) deňelmegi ýylgyrty....
bizde: gamyş we gyz.
gollandlarda: sygyr we gyz.

0
4 Revo  
484
"Sähra gideýin" goşgy - sähranyň keşbi suratlandyrylmadyk ýeketäk sähra hakyndaky ýazylan goşgy. Elbetde Döwlet aganyň sährasy, bu biziň sähramyz, ýada, umumy kada girizilen sähra adalgasy bilen gabat gelmeli diýilen ýeri ýok. Döredijilik ynsany. Islese sähra ady bilen obasyny, islesede maşgalasyny suratlandyryp biler.

0
5 Revo  
484
"Önküler deý gaýnadaýyn güpleri,
Jeňňele obadan suwuny daşap."

Jeňňelde obadan suw daşap güp gaýnatmagam aňsat iş däldir. Hawwa-da jeňňelde çeşme bolmasa, köl bolmasa, derýa bolmasa, suwam bir ýerden almaly ahyry. )

0
6 Revo  
484
"Ýaremezan aýdyp, sanap teňňämi,
Aýdaýyn, gör, kime Taňryýalkasyn?!"

Elbetde kim size teňňe beren bolsa şoňa, birem özüňize. Ýaltanman, ýaltalyk etmän aýlanyp ýaremezanda teňňe çöpläniňiz üçin.)

0
7 Revo  
484
"Men oba gideýin ýene ýaýdanyp,
Tisgineýin gorkan ýaly bir zatdan.
Aýtjak sözüm kän gaýtalap, maý tapyp,
Gyşa tut soraýyn Aşyr birgätden."

Tut sözi - bu tut agajynyň umumy suduryny (şekillendirýän) aňlatýan söz. "Gyşa tut soraýyn" diýmek bilen, şahyr belki, oduny göz öňüne tutandyr?!

0
8 Revo  
484
"Hany, ol söýginiň ataşy hany,
Kän ýegşerden yşkyň ýüki nirede?!
Geljekden eşdilýär geçmişiň ýaňy,
Yşky baglarymyň köki nirede?!"

Beh, üýtgeşik adamlar kän-aý... Yzyny okasym gelenok. Onsuzam halk ýazyjy diýlensoň okamana çalyşdym. Başga bir ýazyjy bolanda, beýnimi beýle zorluklara salmana dözmezdim. Ýazyjylar hakynda aýtmaly bolsa, birki günlükde okan sözlerimi getirmekligi makul gördim.
"Ýaşaýşy bolşy ýaly ýazmak - her bir şahyryň, ýazyjynyň ynsanlyk borjy."

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]