09:16 Saýlanan goşgular | |
• DÜÝŞ
Oslagsyz düýşüme giripsiň gije Aňlamadym wakalaryň ahwalyn Ýaşlara dolupdyr gök reňkli dide Misli hasrat içre teň gördüm halyň. Nämedir bir zatlar aýtmakçy bolsam Elleň ümsümligiň edýär-le ümün Öňler sen hakynda ýazmakçy bolsam Agyrdy, pikirlem sebäbi ümür. Niçe ýyl habsarsyz birek-birekden Işlermize bolduk özbaşdak gümra Çäräň ýok bolarly düýşe girmekden Ne sebäpden gamy edindiň hemra. Bahana tapmaly öýkeleşmäge Dogrym diýsem ikimizem gedemje Geçen günlermizi ýatlara salyp Çaga ýaly gel, bolmaly kejirje. Häli-häzirlerem jogapsyz sowal Oýlarymy durman çaýkaýar her ýan Eger ýaraşmajak bolsaň meň bilen Oslagsyz düýşüme nämüçin girýäň?! • Seniň bakyşlaryň (Aýdym üçin) Aýdyň gijelerden ýagty Seniň pynhan bakyşlaryň Maňa berdi çäksiz bagty Seniň pynhan bakyşlaryň. Kalba yşgyň nurun çaýdy Güller müşgün sähra ýaýdy Meniň dünýäme serpaýdy Seniň pynhan bakyşlaryň. Zülpüň saba ýeller darar Görsem köňül tapar karar Aý astyndan ogryn garar Seniň pynhan bakyşlaryň. Gara gözleň raýyn ýykman Bize gülüp bakdy ykbal Söýgümize baky ykrar Seniň pynhan bakyşlaryň. • Poeziýa Galam, kagyz öwrülipdir Iň esasy gülberime Göwnüm indi höwrügipdir Şygyr gurşan günlerime. Ýollarym goşga baglanan Onuň ýakymy nurana Ylham atyna atlanan Pikirler şeýle ruhana. Ümüş-tümyş deý oýlarym Saplanýar saňa gelemde Barlygyňdan hiç doýmaryn Galam, kagyz dur elimde. • Meniň köşgüm Sen diýýäň: “Ýaýdanman şygyrlar ýazýaň” Belki, has başga zat döredýändirin Köňle erk etmedik duýgularymy Ak kagyz ýüzünde ýöredýändirin. Hemra tutup gijeleriň ahwalyn Göwnüm alyslara gidende seýle Men hakda pikirleň bolsa garyşyk Onda ruhuň ruhum bilen garyşyp Joşýan ylhamyma bir nazar eýle. Şonda düşünersiň meniň halyma Ýa-da düşünjelem bolar tersine Öwrülip goşgulam syrly sowala Olaryň jogabyn berseň hersine Soňra sen diýmersiň ýazýarsyň goşgy Sebäp gurmak isleýärin ýürekden Goşgudan köşgi. • Bedew sen Ynsan hüýli, gamly günde syrdaşym Şatlygy, gussany aňlan bedew sen Ýola gitsem maňa hemdem, ýoldaşym Owazy äleme ýaýran bedew sen. Görogly zürýatdan görüpdir zyýat Göz guwanjy kimin gezendir aýap Müşgillige düşüp çekende perýat Derdin çekişmäge taýýar bedew sen. Deňelensiň Süleýmanyň tagtyna Senli ojaklaryň törem ýagty-la Bendi hemme periler deý sagtyňa Görküň asyrlardan aşan bedew sen. At agynan ýerde tutulmyş toýlar Aýdylyp waspyňa namadyr boýlar Saňa duşsa mydam begener roýlar Sähraýy ülkäniň şasy bedew sen. Dakyp çyksa esbabyny, şaý-sepin Gözellige has-da artar höwesiň Atlanaňda bir durlanar nepesiň Aýraý mertebäni buşlan bedew sen. Şöhrat MYRADOW, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň koreý dili hünäriniň talyby. | |
|
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
√ Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024 |
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Tazy / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Göreş / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Hasap / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024 |
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
√ «Превратила всё в шутку сначала…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ "Ulag gidip barýar..." / Goşgular - 28.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |