11:08 Seni ýatlap... | |
SENI ÝATLAP
Gözlerimden biygtyýar ýaş akyp, Topragyñ gursagna zarynlap damýar. Mele ýeri basyp gyzgyn gujagna, Ebedi söýgimiñ adyny ýazýar. Özgeler düşünmez bu bakylyga, Asla sönmedikler söýgä düşünmez. Diñe aýralygyñ jebrini gören, Söýginiñ öñünde başyny eger. Söýgi, hemme ynsan senden ejizdir. Sebäp sen ykbaly üýtgedip bilýäñ. Niçeme aşyklar señ bilen ötse, Niçeme aşyklañ bagtyny gurýañ. Meniñ söýgim bolsa entek ýaşaýar, Onuñ ýüregimde baky yzy bar. Ýöne aýralygam undup bilemok, Maña baky berlen ýaly ýadygär. ▶ MENEM GOŞGY ÝAZSAM Menem goşgy ýazsam durmuş barada, Açyp täzelikler, döredip many. Her günümi şatlyk, gülkä beslesem, Ýylgyryp galaryn, ýatlamda düýni. Seniñ bilen dünýäm bagtdan doly, Sen dolduñ ýüregmiñ gädilen ýerin. Gözlerime gahar bilen baksañ-da, Öýkesiz ýene-de: "Söýýän" diýerin. Durmuşymdan ümür-duman syrylyp, Garañky günlermiz galdy geçmişde. Seniñ söýgiñ nurly Gün bolup dogdy, Ynamly ýaşaýan indi durmuşda. Indi Günüñ dogşy säher ajaýyp, Gijelerniñ ýyldyzlary ajaýyp, Söýgi bilen baksam her bir ynsana, Adamlaryñ nurly ýüzi ajaýyp. Bagtyýar men saña duşanym üçin, Şükür edýän her günüme soñsuz men. Sen bilen söýgimi tapanym üçin, Ýaşap bilmen asla, janym, sensiz men. Gülruh KEMENOWA. | |
|
√ Şert / Goşgular - 09.02.2024 |
√ Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024 |
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
√ Erjellik / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Soltan / Goşgular - 27.03.2024 |
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |