11:31 Şert | |
ŞERT
Goşgular
Men oňmaryn Bir hereket etmesem Hemem gurban bolaryn şygryýete baglanyp Ah, eger ol hemmelerden gözel bolan bolsady Ähli şygryýetden Lowlap duran wepadar kalbym bilen hasaplaşardym men. Ýara yzly, sypjyrykly elleri bilen Islemeýän çal günleriň diwaryny ýykmagy, Pida bolsun garşysynda diwaryň. Mynasyp däl ömür nurun görmäge • Ömrüň ýeňşi Men nämeden gorkaýyn? Älem gyzy men, Oň beýik güýjüniň ownuk bölegi, Ýalňyz dünýä, ummanynda dünýäleň, Ömrüň ahyrynda nokat deý ýyldyz. Ah, dem alyp, aňlap, ýaşamak bagty, Doňan wagt deý damarlarda urunýar, Hem gijäň akyşynda ony diňlemek, Dagda aýdym aýtmak Güne seredip, Ine, Güne garşy barýan. Men durýan Dünýäni gark edýän Gün nazarynda, Sen Gün, ýykýarsyň üýtgedip wagty, Hilegärlik oýlap tapýaň, sen meni Däne deýin, halka bolan mar kibi, Ak başly kert gaýa deňziň çuňunda, Güm bol, wagty-eýýam ömür ýolumdan, Sen ganhor sen wagt! Guragymy baldan doldurýar Güneş, Goý, ir-u-giç batsyn nurly ýyldyzlar, Nur saç, ýyldyz! Ýagtylykda gorky ýok. • Garaşmak Men bu ýerde ýalňyz özüm Tokaýdaky köl boýunda. Dostluk açýan garry ýeliň Uly maşgalasyna. Ýürek syrlarymy paýlaşýan Buýra rýabinalar bilen. Men garaşýan. Emma hiç kim Görnenok sokmakda Çopantelpek başyn ýaýkaýar maňa Egnim gyjyklaýar inçe baldajyk Bularyň baryna söýgi diýilýär. Edit Sýodergran 1892-nji ýylda Sankt-Peterburg şäherinde, fin şwedleriniň maşgalasynda doguldy. Ol Newa derýasynyň kenaryndaky nemes mekdebine gatnap, öz döredijilik işine ir başlady. Ol ilki rus, soňra nemes, iň soňunda hem öz dogduk şwed dilinde öz goşgularyny döredipdir. Söwda işi bilen meşgullanan kakasy 1917-nji ýylda maşgalasyny alyp Raýwola (häzirki Roşşino) diýen ýere göçüp bardy, tizara aýalyny we gyzyny agyr ýaşaýyş-durmuş şertlerinde galdyryp ýogalýar. Edit ýalňyzlyk, biwepalyk, dönüklik, garyp ýaşaýyş ýaly köp kynçylyklary ýeňip geçmek başartsada, öýkenine dolan pagta ýaly tuberkulýoz atly dumandan üstün çykyp bilmedi. Ahyr soňunda bu ýowuz dert ony çyn zehiniň ýalňyz gaýasynda bogup öldürdi. Roşşino posýologynda kölüň belent kenarynda gara daşdan parallelepiped dur. Bu Edit Sýodergranyň mazary hem-de ýadygärligi. Ol doly däl 30 ýyl ýaşady. Ondan goşgularynyň dört tomy miras galdy. Ol üç diliň, iki rewalýusiýanyň, bir urşuň çatrygynda ýaşap geçdi. Onuň nurana gözleri, agymtyl saçlary bardy. Onuň näzik duýgur kalby bardy. Olar onuň goşgularyna mähir we bakylyk bolup siňip galdy. Meniň ýaşlygmyň daragty joş urýar meniň daşymda, Otlar salam berýärler tagzym edip gaşymda. Tokaý ümsümliginde otlara başym egip, Geçen zatlar barysy müdimi galýar yzda. Mundan beýläk astynda dogduk asmanyň, Köl, kenary hem tokaý ýene dostumdyr meniň. Terjime eden Sylapberdi MUHAMOW. | |
|
√ Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Hasrat / Goşgular - 07.11.2024 |
√ Atilla! / Goşgular - 30.08.2024 |
√ Täzeçe tuýuglar / Goşgular - 30.11.2024 |
√ Akyl-huşy ýagşydyr / Goşgular - 28.08.2024 |
√ Öýke / Goşgular - 24.06.2024 |
√ Marguşda / Goşgular - 21.10.2024 |
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Öwrülip gül başyna bilbil wysal olgaý oňa / Goşgular - 28.09.2024 |
√ Durmuş toýunda okalan goşgy / Goşgular - 24.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |