13:38 Şükür bagşy | |
ŞÜKÜR BAGŞY
Goşgular
![]() Şükür bagşy gaýdyp gelýär ilerden, Gaýdyp gelýär jeňi saz bilen ýeňip. Käte pese inip, käte alaňda Görnüp, gelýär başyn eýere egip. Soňam atdan düşdi. Goýberdi aty Türkmen sährasynyň bir ýan çetinden. Şükür daňyň ýaňy saz beren wagty, Süri ören wagty sagy-çepinden. Gümmürdedip, gümmürdedip dutary Çaldy, otlaman diň saldy ýorgasam. Gözlerinden uçan eken bu taýy, Ýaňydy ahyry gideni ýogsam. Ähli zat öňkilik. Ähli zat täze, Ýazylyp-ýaýrady iline gelip. Goşa kirşe dil bititp dur, bu käre Baş goşup, görmändi beýle saz çalyp. Neneň ýyly dogduk diýaryň demi, Hem şeýle bir ajap, şeýle bir seleň! Diňe agaňy däl, ähli gideni Bu ýere getirseň, dutaryň bilen! 1985 ý. | |
|
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |