17:24 Mäne-Çäçe obasy | |
MÄNE-ÇÄÇE OBASY
Waspyñ ilki edýän däldir meñ şygrym, Iñ soñkam däldirin waspyñ sözleýän. Ýurt eýesem däldir - paralap bagryn, Dogduk mekan diýip özelenmeýän. Özüme gaýtardy öz sesimi zaw, Gözlerime siñdi hyrawa gunça. Keýp bermez ekeni ýuka kalba aw! Söýdüm göwnüm awlan illeriñ, Çäçe! Munda bir eneden dogan uýam bar, Mundan agalam bar - seýrek görüşýän. Ömrümi uzaltjak ajap dünýäm bar, Olam - dostlar bilen degşip, gülüşmäm. Ýeke sapar gelen ýaly müñ gelsem, Mänä-Çäçä adym dolandyr eýýäm. Maña söz berilýär, görüñ, men bolsam, Okumyş daýhany diñlesem diýýän. Soñ gojalar düýne giderler alyp, Soñ alyp giderler geljege ýaşlar. Täç Gök alyslardan at salyp, Ýyllardan aşar-da Gaýgysyz düşlär. Ýatlaşarlar munda goja Kerbabañ, Ýaşlygna dolanyp, göwün açanyn. Ýatlanarmy bir gün meñem bu obañ Ýollaryndan şygyr okap geçenim. ...Señ şahyryñ bolup, jan edip näçe Şanyna ýadygär goýsam-da nama; Giñ ekeniñ şygra sygardan Çäçe, Ýöne sygýañ kiçijik bir salama. Gowşut ŞAMYÝEW. | |
|
√ Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024 |
√ Göreş / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Hasap / Goşgular - 18.02.2024 |
√ «Отвергнув гордое сомненье…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Salam, Türkmenistan! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024 |
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |