TILKI DÜŞÜNJESI
Bir gün şägirt Tilki halypa Tilkä,
Diýdi- Neçüýn mydam nyşan biz gülkä.
Dürtüşip möjekler gülki berene,
Diýýärler - goý, gardaş tilkisireme.
Hat-da jenap Şirem, käýäp ogluna,
Diýýär - Tilkiçilik nep däl kowmuma.
Özgä däl-de Tilkä gülünýär neçüýn,
Bu ýagdaý gelşiksiz biz ýaşlar üçin.
-Diñle şägirt - diýdi halypa tilki,
Sen bir zada anyk göz ýetir ilki.
Eger başarmasa buýrulan käri,
Tilkiçilik edýär haýwanlañ bary.
Başa düşen derdi, gamy derletse,
Şirem Tilkiçilik eder elbetde.
Ýone edil biz dek başarmaz olar,
Şoñ üçin köp pursat masgara bolar.
Senem bu ýagdaýdan uýalma asyl,
Her ýerde ýol tapýan nesilsiñ, nesil.
Tilkisiñ, elmydam tilki dek bolgun,
Tilki diýp gülseler goşulyp gülgün...
Kerim HALLY.