19:58

Ýatlama

Категория: Goşgular | Просмотров: 719 | Добавил: edebiyatteswiri | Теги: Kerim Hally | Рейтинг: 3.4/5
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Yzany yşkyma ýamag etdim / Goşgular - 15.04.2024
Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024
At galar / Goşgular - 11.02.2024
«Превратила всё в шутку сначала…» / Goşgular - 29.02.2024
Käbir aýallara melek diýýäñiz / Goşgular - 04.02.2024
Göreş / Goşgular - 11.02.2024
Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024
Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024
Жизнь / Goşgular - 29.02.2024
Salam, Türkmenistan! / Goşgular - 01.01.2024

Teswirleriň ählisi: 27
1
1 edebiyatteswiri  
906
Kerimiň kitapcy.com saýtyna goýlan "Ýatlama" atly şu goşgusynyň özüne çekijiligi şahyryň suratyny reklama etmäge isleg döredýär. Bu goşgyny okan her bir adam öz çagalyk ýyllaryny ýatlanyny -da duýman galar. Goşgy şeýle täsirli. Täsirli bolany üçinem Kerim inimiziň bu goşgusyny şahyryň öz suraty bilen şu saýta goýup, kitapcy.com web sahypasynyň okyjylaryna ýetirmekligi makul bildim.

1
2 edebiyatteswiri  
906
Her şahyryň özüne mahsus çeper pikirlenmesi, şahyrana dünýägaraýşy bar. Her bir okyjyňam şygra öz düşünişi bolýar. Menä Kerim inimiziň goşgularyny halaýan. Kerimiň tanymal ýaş şahyrdygyny halk ykrar edýär. Onuň goşgularyna birnäçe aýdymlar döredi. Halkyň ykrar edýän söýgüli ýaş şahyrynyň döredijiligini tankyt etmeklik gelşiksizlik dälmi, eýsem?
Dogry düşün, sözlerime.

1
3 Елена_Прекрасная  
462
Suratynyñ owadandygyny bi ýigidiñ

1
6 Aksary  
876
Meñ saña diyesim gelýä "senden kän kiç-a" :))

1
9 Елена_Прекрасная  
462
Men şu dekabrda 29 ýaşaýan. Bu näçe ýaşynda?

1
13 Aksary  
876
Menden bir ýaş uly.

1
8 Tumarly  
763
Goýsana gyy, nämesi owadan şunuñ? Sypatyny "Allajan düýesi" ýaly edip :)

1
10 Елена_Прекрасная  
462
Şu suratda durşy owadan birhili penjekli zatly.

2
4 Елена_Прекрасная  
462
Hazir owadan bolsañ bolýarlaý glawny. Goşgam tak sebe.

1
5 Alaýabyly  
788
Gowşak

1
7 Aksary  
876
Kerim diydiler welin begendim Atcapanmyka òydup

1
11 mango  
651
Kerim kaka täzeçillik ýetenok.
Ýöne, beýleki şahyrlaryň ondan öwrenmeli zady bar.
Sosial platformany aňryujy ulanýar.
Käşgä, beýlekilerem sosial seti aktiw ulansadylar.
Kagyz kitap çykarmak kynyndan we gymmatyndan bolany sebäpli, häzir elektron kitaplary taýýarlap ýaýratmak gaty bir kynyndan we gymadyndan däl.
(serdar kaka düşündiripdi).
Umuman….
Goşgy welin maňa ýaramady.

0
15 Bagabat  
43
Ýüregim bolduň. Internetiň giň mümkinçiliklerini okyja ýetmek üçin ulanmak, öz aýdýan pikiriňi (eger-de ýazýanyň-da şo ba bosa :-)) ýetirmegiň elýeterliliginden peýdalanmak hakda aýdan sözüň ýüregime jüňk boldy.
Döredijiligi tankyt etmek barada aýdylanda bolsa, tankyt gerek. Tankytsyz döredijilik kämilleşmeýär.
Ýöne, tankyt konstruktiw bolmaly. Bu düşünjäň mazmuny şundan ybarat:
1. Tarapgöýsüzlik;
2. Tankytçyň awtordan ylymly ýa-da şoň derejesinde bolmagy;
3. Tankydyň hatyrasyna ýa-da nämedir bir zat diýip galmagyň hatyrasyna däl-de, tankyt edilýän eseriň mazmunynda bar bolan mümkinçilikleň has doly, giň, ýaýrawly we ş.m. açylmagyna ýardam bermek niýeti;
4. Tankyt edilýän esere gyzyklanýansyran bolmak däl-de, hakyky gyzyklanmaň bolmagy.

0
16 Bagabat  
43
Bu ýigit üns berýän welin, özüni piarit etmegi oňarýar. Inetde çykyş edende fotoşoplanan keşp, so wkusom saýlanyp, geýlen, salyhatly eşik, öz keşbiniň ýetmezçiliklerini artykmaçlyga öwürýän rakursdaky pozalarda oturmak, effektnyý žestler, labyzly okaýyş, täsirli ("je" diýjek welin, gülýändir öýderler), pauzalar. Ýaşlaň arasynda meşhur inet platformalarda yzly-yzyna çykyşlar. Çykyşlarynda-da, Platonyň Akademindäki ýa-da Aristoteliň Likeýindäki areopagyň garrylarynyň öňünde çykyş edýän "paýhasyň aşygy" (filosof) deýin düşnüksiz, bulaşyk, çakdan aşa "akylly" geplemän, ýönekeýje, her bir jahyla düşnükli (ýene-de "je" diýmäýin, ýogsa ýaşlar özlerine göwnüýetmezçilik edýändir öýderler :-)) zat ("jagazlary" :-)) uly bir döredijilik syryny mälim edýän deý aýdyp bermek.
Şygyrlaryny okaýşyny "perfomans" stilinde guramak (ýagny, sazy, şekili, şygryň okalýan owazy bilen utgaşdyrmak), bu ýigdiň döredijiliginiň ýörgünli bolmagyny üpjün edýär.
Talantly ýigit.

0
22 edebiyatteswiri  
906
Serdar aga, dogry aýdýaň. Kerim, talantly ýigit.

0
17 Bagabat  
43
Munam başarmak gerek.
Elbetde, Gurbannazar agamyz aýdýar:
"Köne zat ýok eken ýeriň ýüzünde,
Ýeriň ýüzünde hiç zat täze däl eken".
Munuň ýaly, şahyrlaň öz döwrüne görä ygtyýarlygyndaky mümkinçiliklerden giň peýdalanyp, köpçüligi özlerine imrikdirmekleri öňem bolupdyr.
Mysal üçin: Adam Mes özüniň "Musulman Renessansy" atly kitabynyň 214-nji sahypasynda Basraly şahyr, 784-nji ýylda aradan çykan Başşar ibn Burdyň bazarda mähelläň öňünde çykyş edende, eýläk-beýläk çalt-çaltdan ýöräp, sagyna-çepine aýagaldygyna tüýkürinjiräp, eginlerini silkişdirip, kellesini talawladyp, goşgularyny gaty-gaty gygyryp okandygyny, beýleki bir şahyr Buhturynyň bolsa her goşgusyny okap bolandan soň: "Bu ajaýyp ahyry! Alladan ant içýän!" diýip öz-özüniň "hähini" ýetirendigini, soňam gözlerini agdar-düňder edip özüni diňleýänlere: "Siz näme üçin çapak çalmaýarsyňyz ahyry?!" diýip gazaply sorag berendigini ýazýar.
Adam Mes bu faktlaryny "Kitab al-Agani" atly şol döwürlerden galan ýazuw çeşmesiniň 25-nji sahypasyndan alandygyny belleýär. Şol bir wagtda-da, Başşar ibn Burd öz döwrüniň meşhur şahyrlarynyň biri bolup, Basrada oň goşgularyny her bir matamda dady-perýat edip bermek boýunça tölegli hyzmat edýän "perýatçylar" hem-de aýdymçylar ýat bekläpdirler we şolary ýerine ýetirmek bilenem gazanç edipdirler.

0
18 Bagabat  
43
Ondan başga-da, Adam Mesiň ýazmagyna görä, şol döwürler ýaşan ýene-de bir, näme üçindir taryhda ady saklanyp galmadyk şahyr, Mosulyň (Yrakdaky şäher) eteginde jemagat öňünde çykyş edende, ýüzüni gyzyl palçyga boýap, kellesine gyzyl ýaglyk daňyp, egnine gyzyl don, aýagyna gyzyl köwüş geýip, eline-de gyzyl hasa alyp goşgularyny okandygyny ýazýar. Adam Mes bu maglumatyny "Şabuşti" atly awtoryň "Kitab al-Diýarat" atly kitabyndan alandygyna salgylanma berýär.

0
19 Bagabat  
43
Şoň üçin, meň özüm-ä hemme aýdanlammy çugdamlap, bu ýigde döwür bilen aýakdaş gidýändigi üçin, üstesine-de undulan könäni täze röwüşde dikeldýändigi üçin, diňe "BEREKELLA!" diýýän.

0
21 edebiyatteswiri  
906
Serdar aga, aýdanyňa goşulýan. Menem Kerime berekella diýýän.

1
12 Aksary  
876
Sümüklije çagalyga ätlenýär.

Şu setirem haýsy tarapa ýykgyn etjegin bilmän duran ýaly.

1
14 Karkara  
344
Sümüklije gaty medeniýetsizlik. Goşgy owadan bolmaly. Ýüregiňi bulamaly däl

0
26 edebiyatteswiri  
906
Bu tankydyň bilenem ylalaşýan

Ýöne, degişme äheňinde aýdan bolmagam mümkinä. käbir ussat halypa ýazyjylaryň çeper eserlerde-de gabat gelýärä munuň ýaly sözler.

1
20 Ependi  
284
"Tankyt özüňe gerek, diňe özüňe, tankyt bolmasa zehin ýüze çykmaz!" - diýşip, nebir ösüp gelýän ýaş zehinimizi elinje işinden sowadyp, edaradan giderdik - diýämi bir satirada)))

0
23 edebiyatteswiri  
906
"Tükenenlerem bar boý ýetenden soň". Bu şygyr setiri 13 bogun dälä, 11 bogun.

"Tü (1-nji bogun) -ke (2-nji bogun) -nen (3-nji bogun) -ler (4-nji bogun) -em (5-nji bogun) bar (6-nji bogun) boý (7-nji bogun) ýe (8-nji bogun) -ten (9-njy bogun) -den (10-njy bogun) soň (11-nji bogun)

0
24 edebiyatteswiri  
906
Bu goşgyň birinji setirini men ýalňyş ýazypdyryn. Düzetdim indi.

"Deň-duşlaryma duşýan obama barsam" görnüşinde däl-de "Deň-duşlarma duşýan obama barsam" diýen görnüşinde bolmaly. Kapiýa sazlaşygy üçin "Deň-duşlaryma" sözündäki y harp düşürilip "Deň-duşlarma" görnüşinde ýazylypdyr. Bu goşguda bolýan zat.

0
25 edebiyatteswiri  
906
Bu tankydyň bilen ylalaşýan.

0
27 edebiyatteswiri  
906
Jübüsi galyň, jübüsi ýuka sözleri Lebap, Mary sebitleriniň halklarynyň gündelik gepleşik dillerinde (dialektinde) ulanylýar. Jübüsi ýuka eli ýuka diýen manyda bolýar

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]