00:33 Tylla güýzde asuda serhediñ goragy | |
TYLLA GÜÝZDE ASUDA SERHEDIÑ GORAGY
Güýz. Mis şelpeli ýapraklaryň sary manat deý çigrejik şemala gaýyp gezmegi bilen bir tutuma çenli gysgalan günleriň ümzügi paýhasdyr pelsepäniň ýoluna düşüp, şo-ol gidip otyr. Derýalaryň köşeşen suwy, asmanyň ýüzündäki durnalaryň gyýkawy, ýollaryň ýumşajyk gussasy kalbyň töründe müdimi galýar. Tämiz duýgularyň durlanyp, säheriň ýukajyk ümüriniň gözýetime çenli tebigatyň tyllaýy lybasyny bezeýşi, öwgüsi ýetirilen eserlerdäki pursatlary sere getirýär. Hawa, güýz bu akyldarlaryň, ýazyjy-şahyrlaryň pelsepeli hazynasy. Ondan her bir ynsan özüne gerek duýgy-düşünjesini alýar. Kim paýhasa, kim ýukajyk gussa, kimsi agraslyga, ýene biri bolsa çuňňur pelsepä berilýär. Bular adaty durmuşyň, jemgyýetiň içindäki ynsanlarda duş gelýär. Tylla geýnen ene topragyň goragynda ýurt araçäklerimiziň asudalygyny, parahatlygyny, mizemezligini üpjün edýän serhetçileriň durmuşynda hem güýz aýratyn orny eýeleýär. Olaryň hemişe hereketde gulluk alyp barmaklary, watansöýüjilik duýgy-düşünjeleri joşduryjy serhet ýodalarynyň kämil pikirlere atarmakdaky oýlanmalary ýürek urgularyň sazlaşygynda aýdyma, saza, ýa kämil kyssa öwrülip, duýguly dünýäniň zerewşan gatlaryna siňýär. Serhetçileriň ýurt goragynda sak durmaklary, serhet ýodalaryny syryp, hüşgärligiň, eserdeňligiň kämil nusgasyny görkezmekleri güýzüň bu günki günleriniň sahabynda tylla reňkli öwşün atýar. Ýylyň dört paslynda ýurt goragynyň ygtybarly goralýanyna garamazdan, güýzüň giçki güllerini söýüp, sary donly baglaryň tansyny synlap, pessaý aýdyma hiňlenýän şemalyň çawuşyny eşidip, ata Watanyň mukaddes serhedini goramak her bir gerçek üçin gör, nähili bagt?! Rysgal-berekedini bolluk bilen eçilýän tylla güýzüň watansöýüjilik, ynsanperwerlik, paýhaslylyk ýaly duýgy-düşünjeleri ynsan kalbyna eçilşi-de az däl. Ol serhetçilere serhet ýodalarynyň söýgüsini, kämil pelsepesini, ajaýyp görnüşini söz bilen aýdyp bolmajak derejede aýdyňlaşdyrýar. Şonuň üçin «tylla güýzüň tylla ýodalary» serhetçileri dost-doganlyk serhedimiziň goragyna ruhlandyrýar, olary edermen, gaýduwsyz, merdana we ata-babalarymyzyň watansöýüjilik mekdebiniň nusgalyk ýoluna iterýär. Bu bolsa biziň zerewşan paslymyzyň ruhy dünýämiz bilen özara sazlaşygyny emele getirip, mukaddes serhedimiziň mizemez goragyny kepillendirýär. Garahanjar BAÝHANOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |