22:40 Ýaşaýar | |
ÝAŞAÝAR
Goşgymyñ çuñunda dört örüm saçly, Äsgermedik, asyrlary ýigrenýän Bir gyz ýaşaýar. Ellerim çekemde setirlerine Barmagym nemlenýär. Gözleri ýaşly bir gyz ýaşaýar. Goşgymyñ her ýerini agtaryp görsem, Ahmyrly nala, A:h siñipdir neresseje harplara, Gysylyp, döwülmän horlanan duýgy, Million ýaşap, kütläp boý çeken gaýgy Dyzlary ba:şly bir gyz ýaşaýar. Goşgymda ýetdirmän, hol, öñdeläp dur, Saçlaryn ogşadyp çäksiz zamana. Aýagyn gabardyp ýortmaga taýyn, Ýortmany ötenleñ ýerine hökman. Goşgy gyzym söweşmäge-de taýyn, Datly-perýatly, Goçakdan-goçak, Elleri daşly bir gyz ýaşaýar. Goşgymyñ çuñunda bir gopgunlyk bar, Käýemäñ maña ýylgyrşym üçin. Niräni gözlesem aýagyñ yzy, Güneşe garşy bir yz ýaşaýar. Akbibi BESIM, Türkmensähra. | |
|
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024 |
√ "Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Soltan / Goşgular - 27.03.2024 |
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024 |
√ Жизнь / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 3 | |||
| |||