22:37 Ýaşlykdan bir ýatlama | |
ÝAŞLYKDAN BIR ÝATLAMA
- Ministriň kürsüsine gelişýäň, Diýýärdiler, dostlar maňa degişip. - Eger gabat gelseň köçede-zatda, Geçeris biz başymyzy egişip. Dostlarmyň aýdany hasyl bolmady, Muň üçin diýdim men: "Hudaýa şükür!“ Bu hakda kämahal gürrüň beräýsem, Çagalarym gülýär jykyr-da-jykyr. Degişenleň özi ministr boldy, Ondan-oňa, mundan-muňa gondular. ...Indi niçe wagt galam ýöredýän, Belki, teşne ýürekleri gandyrar! Ýyllar geçdi, bu gün ýetmiş ýaşadym, Dolanaýyn ministrli gürrüňe. Bolup bilmedim men kürsiň eýesi, Olaram baş egip geçmedi maňa... 09-12.12.2019. | |
|
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Şert / Goşgular - 09.02.2024 |
√ Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Nokat / Goşgular - 28.01.2024 |
√ Hasap / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |