11:06 Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany | |
WISWISI LAKAMLY OBADAŞYMYŇ ÖMÜR BEÝANY
Wiswisi lakamly adam ýaşapdy, Özi üçin öz dünýäsin ýasapdy. ...Geçen urşuň ganly söweşlerinde, Güllesinden duşmanyň Galyp dilden-agyzdan. Agyr görgüleri görüp, Dolanypdyr obasyna ýaradar. Awtomatyn çalyşypdyr taýaga. Ýörgünlidi indi Wiswis lakamy, Ýatdan çykyp gitdi ataň dakany. Çünki ol üm bilen düşünişýärdi, Gamlansa-da wis-wis, Gülse-de wis-wis... Daglarda, düzlerde geçipdi ömri, Eşegi, horjuny, ýanynda iti, Süri goýun-geçi syrdaşdy oňa, Daglaryň peleňi gardaşdy oňa. Ýyllar bahym geçdi, garrady kişi. Gapdalynda goýup bir gün taýagyn, Çopan uzadypdy egri aýagyn... Şum habara ýas baglapdy obamyz, Agysyny kän aglapdy obamyz... Ýöne weli bu dünýäden ötensoň, Eşidenim lerzan etdi kalbymy. Gam-gussa gaplanda çal sepen serin, Dilsiz oňup, oňmandyr ol aýdymsyz, Hem göwün hoşunda ömürlik gaýnan, Aýdymlara gygyranmyş çalaja. Soň ýene şol boluş, şol öňki ýagdaý... Men şu ýerde nokat goýmakçy boldum, Bir pikir goýmady erkime meni, Neçün daglarynda hiňlenen kişi, Neçün obasynda çykmady sesi? Boldumy ýa bus-busy, Obadaşym Wiswisi. Bagyşla sen, bagyşla, Geçen urşuň maýyby, Açjak bolup ýazmadym, Bu kiçijik “aýbyňy“... 02-04.02.2024. | |
|
√ Siziñki / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024 |
√ Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |