13:41 At galar | |
AT GALAR
Emel ýetse bir bedasyl gardaşa, Bag-bossandan bilbil gider, zag alar. Iliň gamy bilen bolmaz pişesi, Ýetim-ýesir, pukaradan zat alar. Mollasy bar, sopusyna seretmez, Birehimiň ýüregini eretmez. Gadyrdanlar gadyr eder elýetmez, Alyp çykar ot içinden, şat bolar. Sen, ne jüre kişi, eý, adam ogly, Kürsüde oturyp, lakamyň ogry. “Çyndan” sözüň jyna çalymy dogry, Ne hekaýat, munda ança mat bolar? Il malyna gözün diken bahylyň, Aýbyny ýaýmasaň, günä ahyryn?! Dabanyndan soýlan gadym şahyryň, Başyna ineni dowzah ot bolar. “Sözüm dag aşmady” diýip, oturma, Zanny gorkak bolsaň, ýokdur gutulma. Pyragy aýtmyşlaý, özüň ýitirme, Zamananyň gerçeginden at galar. 01.01.2023 | |
|
√ Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
√ Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024 |
√ Soltan / Goşgular - 27.03.2024 |
√ Tilki bilen üzüm / basnýa / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
√ Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024 |
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |