20:03 Ýene howa garalyp, ýagyş çisňäp başlady… | |
ÝENE HOWA GARALYP...
Goşgular
![]() Ýene howa garalyp, ýagyş çisňäp başlady, Leýlisaçlar eda bilen saçlaryny çöşledi. Beýle pikir etmändim men bu golaýda, bu çakda, Birden agyr oýa batdym ölüm hakda, sen hakda. Oýa batdym: ýoklugymda öňküsi deý ýagar ýagyş, Gunçalaň agzyny açar; aýnamyza çeker nagyş, Dag tarapdan taýyp geler ýaşyl şemal, näzik şemal. Niçik oýa batarsyň sen meniň ýoklugymda şo hal. Geldi şonda göz öňüme bir perişan halyň seniň, Edil şunky howa ýaly, syýa ýaly şalyň seniň. Hesretiň gara deňzine gark bolup ýörüşiň seniň Mensiz galan bu dünýäni dowzah deý görüşiň seniň. Diýdim şonda öz-özüme: "Eý, ýok zatlaň pikrin eden, Heý, ýary şu halda taşlap, gidip bormy bu dünýeden?" Gurbannazar EZIZOW. | |
|
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |