23:56

Guruñ!

Категория: Goşgular | Просмотров: 483 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Gurbannazar EZIZOW | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024
Yzany yşkyma ýamag etdim / Goşgular - 15.04.2024
Nar / Goşgular - 22.04.2024
"Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024
Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024
Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024
Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024
Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024
Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024
Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024

Teswirleriň ählisi: 19
0
1 Елена_Прекрасная  
462
Başym aýlanyp gitdi okap bolyançam. Doly okamadym . Hawa şahyr dogry aydyar. Gurubilseñ gurubermeli. Özem şeyle bir gur welin, goy,ol hic hacan ýykylmasyn. Gur, gurubilseñ gardaş

0
2 myhman  
732
goşgy erbedem däl welin, ýöne, Gurbannazar ýazmadyk ýaly. aý, hawa, oňam her goşgusy super bolmaly diýen zat ýok.

Howaly köprüler bina edilsin!

interesno: türkleň "havalı" diýýänni öň bizlerem ulandykmykak ýa başga manydamyka.

"diýmedik bolsady" diýen ýerlem:

- Gurmak üçin inipdiris bu dünýä,

- Säherler oýanyp,
aýdymlar bile
Hatar düzüp, işe tarap ýörülsin.
Bu planeta
durşy bile
joşgunly
Gurluşyk meýdany bolup görünsin.

- Göni bolsun hatarlarmyz
elmydam.

0
4 mango  
651
"Howaly köprüler...." barada.
"howalynyň" türkçede görkemli manysy barmy?
bizde "badyhowa" diýilýämikä?
помпезный - howaly - badyhowa
ýa badyhowa haýbatlymyka?
(garaz kökler bir...)

0
5 myhman  
732
minnetdar, mango. dogry. badyhowany adamlar üçinä ulanylýar. isleseň binalar ýa başga zatlar hakynda-da ulanybermeli. öwrenşilýänçä bir zatlar diýler, soň öwrenişiler gider. öňem kän nygtaýşym ýaly: dilimiziň baýlaşmagynyň tarapdary.

öňem biri badyhowa sözüni şeýleräk ulanypdyr "biz güýçli şahyrdygyny bilýärdik. ýöne özüne aýtmaýardyk. badyhowa bolar öýdüpdik" (sözme-söz däl, şolarýalyrak manyda).

sorag.

1. ýokarky jümläni kim kim hakynda ulanypdyr?
2. ol özüniň güýçli şahyrdygyny bilenokdymy?
3. aýdan bolsalar badyhowa bolardymy?
4. ýokarky jümle ynandyňyzmy?

0
6 mango  
651
1. ýokarky jümläni kim kim hakynda ulanypdyr?
ýalňyşmasam belki kerim aga gurbannazar hakda aýdandyr (çak edýän).
2. ol özüniň güýçli şahyrdygyny bilenokdymy?
bilendir. iň bolmanda özüniň tapawutlanýanyny bilendir. edebiýata täzelikler getiren adam nämede bolsa öz gadryny özi bilendir hasaplaýan (tanandyr hasaplaýan).
3. aýdan bolsalar badyhowa bolardymy?
ýok. bolmazdy. boljak bolsa, oňa şo wagtam şeýle bolmaga sebäpler kändirle. badyhowa bärde ulumsylyk manysynda öýdýän.
4. ýokarky jümle ynandyňyzmy?
ýokarda jümle kän. haýsysy? garaz ol her hal sadalygyny saklardy.
(ony görmedik adamyň çaklamalarydyr bu aýdanlarym. eserlerine görä netije çykardym).

0
9 myhman  
732
birinjä anyk sorag welin, soňkular her kimiň öz pikiri-dä.
ynandyňyzmy kiýip Kerim agaňka aýtdym.
menem Gurbannazary göremok. bir goşgulary bilen, hakyndaky ýatlamalar bilen tanajak bolýas.

Hydyr ýa Ylýas Amangeldiň bir ýatlama eseri bar (ady ýadyma düşenok. öýe barsam görjek). şonda şeýleräk bir wakany gürrüň berýä. (sözme-söz däldigini aýdyp oturjak däl. kitaplaryň adyny ýatda saklap bilenmok)

Gurbannazar redaksiýada işleýän wagty, bir gün şahyr tanşynyň öýüne barýa. iş bilen: goşgy zakaz etmäge. öý eýesem diýýä "men-ä bir goşgy ýazyp saňa bersem, senem gaýdyşyn "pylan" piwnoýa sowlup piwo alarsyň. onam bir gyradaky daşyň üstünde oturyp içersiň. daşyň üstünde-de meň goşgymy goýup oturarsyň. onam ýatdan çykaryp gidersiň"
ýaly zatlar diýýä (degişjek bolandyr @myhman). muňada Gurbannazaryň gahary gelýä-de "sen-ä bir goşgy ýazyp maňa berseň, menem gaýdyşyn "pylan" piwnoýa sowlup piwo alsam. onam bir gyradaky daşyň üstünde oturyp içsem. daşyň üstünde-de seň goşgyňy goýup otursam. onam ýatdan çykaryp gitsem. agşam oturyp bir goşgy ýazaryn welin, ertir gazetde öz adyňa berleň goşgyny görüp haýran galarsyň" diýipmiş.

şuny okap
- Gurbannazar hakyndaky ýatlamalaň içinde birinji gezek gaharlanýanny gördüm.
- zakazly goşgy A. Agabaýewiň "Ezizowyň emri bileninde-de bar" "...bir ýerlerde torgaýam saýramasyny goýýady..."
- özüne göwni ýetýäni bildirýä
-....
eken diýdim.

şol eserde başga-da köp ýerde agzalmadyk ýatlamalar kän. Gurbannazaryň ejesi bilen, ýanýoldaşy bilen sorag-jogaply ýerleri bar.

gaty gyzykly.

0
3 mango  
651
hawa. biraz uzynrak.. hemem zakaz boýunça ýazylan ýalam görünýär....
1967-nji ýyl. kommunizm gurujylara ylham bermek üçin ýazylana (ýazdyrylana) meňzeýär. aşakdaky setirlerde harbylaryň ýöreýişi ýaly hatar-hatar bolup zawodlara işe barýan kommunizm gurujy sowet halky janlanyp gidýär (hemem aýdym bilen ýöreýärler). gullukda naharhana nahara gidilende-de ruhubelent aýdymlar bilen hatar-hatar giderdik.

Säherler oýanyp,
aýdymlar bile
Hatar düzüp, işe tarap ýörülsin.
Bu planeta
durşy bile
joşgunly
Gurluşyk meýdany bolup görünsin.

planetäň gurluşyk meýdana öwrülmegi erbet dälem bolsa, ol военный коммунизм aýylganç zat.
---
näme-de bolsa şeýle goşgular Gurbannazarda az.
ruhy şat bolsun.

0
7 Mahymm  
312
"Howalaly" diýen türkmen sözi bar dämi? Bogun sanyny deñlemek ücin käbir sözi goshgynyñ ichinde manysyny yoymazdan üytgetmäge rugsat berilenokmy hokman turklerden alynan bolmalymy?

0
8 myhman  
732
Mahymm hanym,
1. meň iň gowy görýän şahyrym G. Ezizow.
2. "howalaly" sözi kelläme gelmedi. gowy tapdyňyz (bir kelle - bir akyl, iki kelle - iki akyl...)
3. "Bogun sanyny deñlemek ücin käbir sözi goshgynyñ ichinde manysyny yoymazdan üytgetmäge rugsat berilenokmy" birinden rugsat alaýmaly bolaýanda-da, menden almaly däl.
4. "howaly" sözüni türklerden aldypdyr diýemok. öň bizde ulanyldymyka diýip gyzyklandym. öňki ýazyjylaň eserlerinde şu wagt biziň ulanmýan, ýöne türklerde ulanylýan sözler köp gabat gelýä. şoň çüýn.
5. meň gowy görýän şahyrym, ýazyjym, dostum... (daže kakam, oglum...) meň üçin ýalňyş bolan pikiri gaty owadan edip, gaty ýerine düşürip ýene şoňa meňzeş gaty gaty edip aýtsa, ol pikir meň üçin ýalňyşlygyna galar.

göwnüňe degjek bir söz ulanan bolsam, spesalnyý däldir, öte siz :)

0
10 Hyýalkeş  
752
Myhman:
"Ykbal Gurbannazar Ezizowy altmyşynjy ýyllaryñ ýaş şahyrlarynyñ başynda goýupdy.Gögümtil gözleriniñ içinde gök asmanyñ reñki,topragyñ boz agraslygy görnüp duran bu ýaş ýigit olaryñ hemmesiniñ mugallymydy.Biz onuñ şeýledigini añardyk ýöne onuñ ýüzüne gönüläp aýtmazdyk.Beýle pikir ýaş şahyrda badyhowalyk döreder öýdüp çekinerdik."

(K.Gurbannepesow "Edebiýat we durmuş"kitaby.)

Ikinji agzaýan ýatlamañyzam çakym çak bolsa Hydyr Amangeldiýewiñ "Diñe bir señ bilen bakylyk bardyr"atly ýatlamasy bolsa gerek.

Goşgy babatda aýtmak gerek bolsa bu goşgy Gurbannazaryñ Garaşsyzlyk ýyllary içinde çykan kitaplarynyñ hiç haýsysynda da, onuñ goşgularyny özünde jemleýän apk da da ýok.Ähtimal syýasat bilen dahylly hasap edip edil "Nesiller"poemasyny aýyryşlary ýaly ýygyndydan aýran bolsalar gerek.Goşgyda Gurbannazaryñ döredijiligine mahsus hiç hili aýratynlyk görüp bilmedim.Ýöne goşgyñ öñe sürýän ideýasy çuñlugy gowy.Howaly sözüni bu ýerde haýbatly diýen manyda ulanypdyr.
Kapyýalar juda juda ýöntem
"Ýörüñ guruñ" "egsin degsin" "getirsin-gutarsyn""ýörülsin-görünsin".Goşgyñ ýarsy işlikden bolan kapyýa.Işlikleri kapyýalaşdyrmagyñ goşgyñ çeperçiligini peseldýändigini bilýändirä Ezizow.Özem ol üýtgeşik täzeçe kapyýalary bilen meşhur adam.Diýmäýinem diýýän welin çürt-kesik bilýäñizmi şu goşgyñ Ezizowa degişlidigini?

0
11 myhman  
732
ýazanlaňňy okanymy bildireýin diýdim. sag bol, minnetdar.

0
12 Orhideýa  
719
Bu Gurbannazar Ezizowyñ goşgusy.Şahyryñ "Serpaý" kitabynda bar.Bu goşgy awtoryñ àhli eserlerine mahsus bolan kàmillige eýe.
" Kitap okaň!
ediň belent arzuwlar.
Täzäni guruň!"
"Unudyň owunjak aladalary".
Bu Ezizowyñ hemişeki SESI! Ony bir gezek eşiden adam ol sesi million sesden tanar!
Bu yerde hiç hili syýasat yok- bar bolaýanlygynda hem HER DÒWUR üçin aktual ideologiýa- GURMAK- adamlar ücin "Gùn şaherini" bina etmek syýàsaty.Meger,gònümel manysynda hem dàl,birek - biregiñ kalbynda şol şàheri gurmak hakdadyr!

" Adam şol köçeden ugrasyn dünýä
Hem şol köçe bilen dünýä getirsin!"

Ezizowyñ hemişe sòýlùp okalmagynyñ esasy aýratynlygy- onuñ adamlary,nesilleri diñe gowulyga çagyrýanlygy uçindiŕ,belki..Hemişe aladasy ýetik durmuşda birek - birek üçin gowy niýetlere umyt edip,kòpri gurmak,şaher gurmak..mahirli gatnaşyklar uçin bina galdyrmak..
"Gurmak üçin inipdiris bu dünýä,
Gurmak üçin
planetamyz bolmaz dar.
Biziň hemmämiziň bir mähribanymyz –
Biziň çyn enemiz – Ýer şarymyz bar!"
Bu sõzleri diñe Ezizow aydyp biler!
Ýeri geldi,aydaýyn,şu saýty ýõredýanlere kòp minnetdar.Ezizow barada juda kop maglumatlary ýygnap goýýanyñyz uly zàhmetden nyşan.Àhli ýygnaýan ,toplaýan hazynalaryñyz, NESILLER uçiñ uly gymmatlyk!!! Çunki,Gurbannazar Ezizowyñ ozi bize şuny ýatladýar:
"Bar zat geçýär
bu dünýäde
özgerip,
Ýyllar
guradýarlar almany-nary,
Diňe bir zat bu dünýäde bakydyr –
Aňymyzyň,
Ýüregmiziň hünäri."

0
13 Orhideýa  
719
Yazgùl Ezizowa heniz jogap bermedi.Ýa işleri kòp,ýa- da düşnükli zady düşundirip oturmaklygy müwessa bilmedi..Belki,ol hem seslener..Ýõne onuñam şu kysmy,mundan has aýdyñ jogap berip biljekdigine YNANÝAN.

0
14 mango  
651
Haweran daýy. meseläni ulaltmak gerek däl.
birinji bilen ilimizem, Watanymyzam, Gurbannazaram söýýärinem (özüme jogap berýän), hormatlaýarynam. Gurbannazaryň maşgalasyna-da hormatym çäksiz.
indi;
1) diýýäň: "Gurbannazaryñ päk poeziýasyndan syýasat gözleýänlere gunt ýaly jogap."
jogap: onuň päk poeziýasynyndan syýasat gözlemedim. emma onuň şu goşgusyndaky "aýdymlar bile hatar düzüp, işe tarap ýörülsin" setirlerinde syýasy reňkiň, has dogrusy kommunistik ideýlaryň görülýändigini belledim. kommunistler işçileri kommunalarda ýaşadyp, işe hatar bilen, aýdym bilen, işden hatar bilen, aýdym bilen getirmek.... ideýalary bardygyny bilemsoň, bu setirlerden sony ýada saldy. gysgajyk aýtsak poeziýasyndaky däl goşgusyndaky syýasy setirleriň gürrüňini etdim.
2) diýýäň: "Islendik şahyryñ yeke goşgusyndan ya yeke bendinden ugur alyp, onuñ doredijiligi ya garaýşy barada anyk kesgitleme aytmak yalñyş, ylayta-da ony doly bilmeyän bolsañyz."
jogap: ol setirlerden ugur alyp "doredijiligi ya garaýşy barada anyk kesgitleme" aýtmadym. gep konkret goşgusy barada. ony bilmeýänligimiz onuň eserleri barada pikir etmeli, pikiriňi aýtmaly däldigini aňlatmaýar. onsoňam ýazan ekendä şo setrileri 20 ýaşlaryndaky bir ýetginjek.. ýyllar soňra bir okujysam oňa bellik eden ekendä.. ýenede Gurbannazar Gurbannazarlygyna galdy. Oňa bolan hormatymam üýtgänok. esasy ol kommunistleriň şahyry dälde meniň, seniň, halkyň şahyry.

umuman Haweran daýy, şeýle.

0
16 myhman  
732
@mango, aşakylary ýazýançam 2 sagat gerek boldy. ilki kellämi tutup bir sagat oturandyryn, nädip düşündirsemkäm diýip (bar işimem galdy, şugün işlemmi edip ýetişjegimem belli däl). sen welin az sözde düşündiripsiň, malades.

0
15 myhman  
732
@Haweran, men-ä näme diýjegimem bilemok indi. bir zat diýsem, başga manyda düşünersiň öýdüp gorkýan. şeýle pikir etmäge esas kän. hiç zat diýmeseňem, ýöňkelýän zatlary kabul edýän ýaly boljak.

"hic kim ozune cekmesin..." diýseňem, şu ýerik tewsir ýazanlaň hemmesiniň özüne çekjegini bilmejek derejede sada dälsiň diýip çaklaýan. şonuň üçin "pylany, şeý diýipsiň welin, ýöne ol şeýle däl beýle" diýip ýazsaň, has göwne jaý bolarmyka diýýän. umumylaşdyrsaň ýekeje kişiň pikirini beýlekilere-de ýöňkelýän ýaly bolýar.

"Gurbannazaryñ päk poeziýasyndan syýasat gözleýänlere..." diýipsiň. beý diýseň "bilgeşleýin gözleýäler" diýen ýaly bolýar.
şu ýerdäki pikirimi nädip düşündirjegimi bilemok. islendik şahyr, göni, çagalykdan güýçli şahyr bolup döremezmikä diýýän. pikirinde, düşünjesinde, şygrynda... progressiýa (gaty retgi şahyrlarda repressiýa bolmagam ahmal) bolmaly ýaly. "ýaýyň içinde ýazanymy Gurbannazar hakda ýazandyr öýdäýme" diýmesem, öýdäýjek ýaly bolup dursuň, gaty görme.
şonuň üçin her bir güýçli şahyryň hemme goşgusyny deň derejede güýçli goşgy hasaplamak ýalňyşmyka diýýän. dogry, onuň ýaly şahyrlaň gowşagrak goşgusam beýleki şahyrlaň gowy hasaplanýan goşgularynyň köpüsinden gowudyr. düşündirimp bilýänmi?

"Bu goşgyny hut özüm G.Ezizowyñ köne ýygyndylaryndan okanymy bilyan, emma anyk yadyma düşmänsoñ, hem-de başgarak işler bilen başagay bolup kitaplardan daşrakda bolanyma, [b]talapkär okyjylarymyzyñ[/b] öñünde yüzügara bolmajak bolup, "Orhideýa hanymyñ" üsti b.n Gurbannazar şahyryñ gyzy Ýazgül gelnejä cykyldy" diýipsiň.
bu ýerde, birinji bilen, öz işiňize şeýle jogapkärçilikli garaýanyňyz üçin öwgä mynasyp.
talapkär okyjylarymyz diýip kinaýaly aýtmaýan bolsaňyz bolýa.
bu setirleri meň "Gurbannazar ýazmadyk ýaly" diýenim üçin ýazan dälsiňiz diýip umyt edýän. ol sözlemiň "bu goşgyny ol ýazmandyr" manyda däl-de, beýleki goşgularyna garanda, biraz bärden gaýdýanyny (şeýle däl bolsa Ahmet Gurbannepes öz ýygnan kitabyna alardy diýip çaklaýan) aňladýanyny bilýänsiň-le. ony @Hyýalkeş agzaň "çürt-kesik bilýäñizmi şu goşgyñ Ezizowa degişlidigini?" diýeni üçin ýazansyň. olam, başda aýdyşym ýaly, aýratynlykda jogap bermeseň, herkim özüne çekýä.

"Islendik şahyryñ yeke goşgusyndan ya yeke benfinden ugur alyp, onuñ doredijiligi ya garaýşy barada anyk kesgitleme aytmak yalñyş, ylayta-da ony doly bilmeyän bolsañyz" diýipsiň.
üssüme töhmet atylan ýaly bokurdagym doldy. Ýazgül gelnejä bir ýalňyş zatlar aýdan dälsiňizdä.

watansöyüjilikli ruhda we belent gumanizm pafosynda yazylan eserleri syýasat bilen garyşdyrýarys. we şondan soňky ýazan zatlaryňyz - näme diýjegimi bilemok. nireden nirä geldik, prosta başymy ýaýkap oturbermesem. birem, diňe, watan bilen syýasatyň bir zat däldigini, meňem watany biriçe gowy görýändigimi, onam, Gurbannazaryň diýşi ýaly, ejemi gowy görşüm ýaly gowy görýändigimi aýdaýmasam.

ýokaryda-da birine aýdypdym welin, ýene bir sapar size-de aýdaýyn. meň iň gowy görýän şahyrym Gurbannazardyr. şonuň üçin, siziň diýşiňiz ýaly, o[b]nuň päk poeziýasyna[/b] dil ýetiren ýaly etseňiz gaty görýän. töhmet atyldy hasaplaýan.

işiňizde, döredijiligiňizde üstünlik.

0
17 Bagabat  
43
Biziň hemmämizem, özümizi hernäçe edebiýata-da, adamlara-da düşünýäris diýip hasap etsek-de, barybir öz tebigatymyzdan üzük-ýoluk aýrylyp bilmeýäris. Şonuň üçinem, öz eý görýän şahyrlarymyzy, gahrymanlarymyzy, ýazyjylarymyzy, alymlarymyzy, dostlarymyzy, garyndaşlarymyzy hemişe aňymyzda ideallaşdyrýarys. Olarda özümiziň iň gowy görýän häsiýetlerimiziň bardygyna ynanýarys. Şeýdibem ynsan aňynyň öz-özüni biygtyýar ynandyrýan mifi döreýär. Ýöne, hakykat-da welin, biziň eý görýän ýazyjylarymyzam, beýleki adamlarymyzam, edil biz ýaly adam - olara-da ýalňyşmagam, beýleki duýgularam mahsus. Mysal üçin, biz pioner döwrümiz Lenin biz üçin adaty adam däldi-de, ynsanlaryň arasynda gezip ýören perişdedi. Biz onuň açlyk ýyllarynda sowgatlyk ýollanan garpyzlary açlykdan ýaňa bihuş bolup barsa-da özi iýmän, ýetimler öýüne ýollaýandygyna ynanýardyk. Iň gowy görýän kinolarymyzam "Ele düşmezek ar alyjylar", "Atlylar"-dy. Soňra, Lenini azgyn, sifilitik hem doňýürek edip görkezdiler. Gurbannazar şahyrymyzam adam. Allanyň oňa beren hakdan içen zehinine garamazdan, olam çaga-da, ýetginjegem, ýaş ýigidem bolan. Şol döwürde okap, bilim alan.
Onsoňam, jemgyýetiň içinde ýaşap, hiç wagt şol jemgyýetden üzňe bolup bolmaýar.
Ýene-de bir mysal, Magtymguly Pyragynyň Ahmet şa Dürrana bagyşlap ýazan şygry, Pyragynyň Owgan patyşasyna bolan hantamaçylykly ýallaklamasyny aňladýarmy?
Ýa-da Mollanepesiň Garaoglan hana, Salar baýa bagyşlap ýazan goşgulary, onuň "Ner gezgin" atly goşgusynyň türkmen edebiýaty, türkmen aň-düşünjesi üçin ähmiýetini peseldýärmi?
Umuman, diýjek bolýanym, döredijileriň eserlerine baha berlende, olaryň şahsyýetiniň mifleşdirilmegi päsgel berýär. Onsoňam, baha bermek meselesinde:
Ýazylan zat adamlary özgerdýärmi?
Olary gowulyga ündeýärmi?
Olara öz-özlerine düşünmäge we häsiýetlerini azda-kände taplamaga ýardam berýärmi?
Galyberse-de, olara az-owlagam bolsa, gyzyklandyrýarmy, lezzet berýärmi?
Diýmek, şol zat okanyňa-da, ýazylanyna-da degýär.
Bäş sany edebiýatçynyň (şol sanda edebiýaty çyny bilen öwrenýänleriň): "ol ýeri beýle eken, bu ýeri eýle eken" diýýäni bolsa, ilkinji nobatda, ýazýanyň kämilleşmegi üçin gerek. Soňam, ýazylan zatlary ylmy derejede öwrenmek üçin. Okyjylar köpçüligi bolsa, esasan "gyzykly/gyzykly däl" diýen ölçeglerden ugur alýar.

0
18 Bagabat  
43
Şonuň üçinem, bu şygra ýazylan teswirlerde göwne degmek ýa-da hakdan içen şahyry kemsitmek maksatlarynyň bardygyny men-ä görmedim. Diňe, aýdylýan zatlary gereginden artyk, has ýiti kabul etmek bar ýaly.
"Zakaz boýunça ýazmak" meselesinde-de, meniň pikirimç-ä bu-da beýlebir agyr kemçilik dälmikä diýýärin. Sebäbi, mysal üçin, Çehowyň aglaba köp ýörgünli hekaýalarynyň gazetleriň "sargydy" boýunça ýazylandygyny ýa-da Maýakowskiýniň şygyrlarynyň ýazylandygyny ýatlamak bolar. Ýa-da dünýä ýaň salan "Garri Potter" ýygyndysynyň diňe birinji kitabynyň Roulingiň öz başlangyjy (inisiatiwasy) bilen ýazylyp, galan jiltleriniň neşirýatlaryň "sargydy" bilen ýazylandygy, meniň pikirimç-ä bu kitabyň dünýädäki meşhurlygyny peseltmedik bolsa gerek. Aslyýetinde, Ýewropada we Günbatarda ady belli ýazyjylaryň aglaba köpüsi "sargyt" boýunça işleýär. Şol sebäpdenem olaryň adygan eserleri nijeme jilt bolup dowam edýär.
Onsoňam, ýene-de bir bellemeli ýagdaý, döwrüň aňyýetiniň täsiri bilen ýazylan täsirli eserlerimize hem "sowet döwründe ýazylan" diýip, kembaha garamaly dälmikä diýýärin. Olaram biziň edebiýatymyz, taryhymyz, dilimiz. Olardanam öwrenere zat kän.

0
19 Hyýalkeş  
752
Aslynda bu sowala jogap bermek netimde ýokdy ilkibaşda.Myhman daýam hyýalkeşiñ diýen sözi üçin ýazansyñyz diýipdir.Elgaraz adym geçdi."Galmasyn kaza"

Gurbannazaryñ päk poeziýasyndan syýasat gözlemek.
Ilki bilen aýtjak zadym bir šahyryñ goşgusynda syýasatyñ barlygy goşgyñ päk däldigini añlatmaýar.Syýasatyñ ýoklugy da goşgyñ päkligini añlatmaýar.Umuman poeziýada päklik syýasatyñ barlygy ýa da ýoklugy bilen ölçelmeýär .
Indi syýasatyñ barlygy babatda.
Gurbannazaryñ "Serpaý"ýygyndysynda syýasata degişli goşgular bar.Ilkinji mysal :"Nesiller poemasy"
Mundan daşary Lenine bagyšlanyp ýazylan goşgularam bar.Ine Kerim agañ "Edebiýat we durmuş"kitabynda kapyýasyny oñat görüp belläp geçen setirleri:

Duşman aždarha deý ot saçyp her ýan
Çykanynda ýaš Kubanyñ kastyna
Seniñ bilen galkdy hasratly ülke
Seniñ bilen galkdy Fidel Kastro.

(G.Ezizow "Lenin" goşgusy)

Aslynda Serpaý kitabyndan näçe diýseñ mysal tapmak bolar .Ýöne okanymdan soñ ýer tutýanlygy sebäpli pozupdym.Ine şu agzalan setirler we agzalmadyklar syýasata degişli görlüp şahyryñ soñky ýygyndylarynda salynmaýar.Şonuñ üçinem bu goşgyñam ýygynda salynmadygynyñ sebäbi syýasata degišli görülendigindenmikä diýip.pikir etdim.Üns berseñiz "Nesiller"poemasy hem soñky ýygyndylara salynan däldir.
Howwa,Gurbannazarda syýasat bar.Bu oñ pes derejeli (ýa da siz aýtmyşlaýyn päk däl) şahyrdygyny añladýarmy?.Elbetde ýok.
(Şu meseläñ şu ýere gelmegem giperbola.Düşündirip duranyma gülkim tutýar)

Orhideýa "Bu goşgy şahyryñ ähli goşgularyna mahsus bolan kämillige eýe"diýipdir.Asla goşulamok.Goşgy kämil.Ýöne mundan has kämillerini okapdym.

Syýasat babatda ýene kelam agyz:Her şahyr öz döwrüniñ sesine se goşup biler.Ýagny goşubam biler goşmanam.Ol onuñ öz ýüreginden çykyşyna baglydyr.Mysal üçin meniñ häzirki zaman şahyrlaryndan gowy görüp okaýan iki şahyrym bar:
Kakamyrat Rejebow we Seýitmyrat Geldiýew.Kakamyradyñ poeziýasynda syýasy goşgular näçe diýseñ kän.Seýitmyratda bolsa ýok diýiljek derejede seýrek.Diýmek Seýitmyradyñ poeziýasy has päk diýip bolarmy?Ýa da Kakamyradyñ poeziýasy päk däl diýip bolarmy?Asla.Agzap oturmaga gerek ýok.Okyjyñ gözleýän zady şahyr syýasata seslenýänem bolsa durmuşy temadanam beýleki temalardanam dymmazlygy.Bu bolsa bu şahyrlaryñ ikisindede bar.Gurbannazaryñ poeziýasy hakynda ha gürrüñem ýok.Adamlar onuñ şol temalardan dymmazlygyny kämil setirler döredip bilşini halaýar.

Iñ soñunda meniñ Gurbannazar hormatym barada.Edebiýat sapagy bolanda dûzme ýada syn ýazylanda ilki bilen şonuñ döredijiligini saýlap alardym.Gurbannazara bagyşlanyp ýazylan goşgularymam kän.(Tanamañsoñyz bilýän dälsiñiz)Onuñ goşgularynyñ köpûsine keýpine ýat tutýan Tûrkmen edebiýatynda özüme görelde aljak derejede oñat görýän dört sany şahyrym bar:
Biri Gurbannazar biri Nobatguly aga beýlekilerem şu teswirde ady geçen iki sany häzirki zaman şahyry.
Gaýdyp bu babatda jedel bolmaz diýip umyt edýän.Düşündirip bilendirin dä hernä.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]