23:42 Rewolýusiýa | |
REWOLÝUSIÝA
Goşgular
Ýigriminji asyrdy, On ýedinji ýyl. Al baýdaklar – pasyrdy, Köçelerde – il. Gerbi orak-çekiçdi, Deňlik isleýä. Bu gün köçä çykypdy Rewolýusiýa! Ýok. Birden, bir ýerden döremedi ol. Ol adam deý ilki dogdy, ulaldy, Ony gömdülerem ýedi gat ýere, Ol bolsa ýedi gat asmana galdy. Çümdi şahtalaryň sowuk çuňlugna, Söýdi garyplary – kowmy känleri. Kyn günleri içlerini dökdüler Oňa Sileziýaň dokmaçylary, Oňa Fransiýanyň kommunarlary. Ol köne dünýäniň örkün sarsdyran Bir äpet wulkandy, bir belent ýaňdy. Marksyň maksady jem boldy onda, Leniniň genisi ruhuňa siňdi. Ol Uralda uruldy, Ol Uralda ulaldy. Ol Sibire sürüldi, Ol Sibirde süýreldi. Onuň elin zynjyrlap, sowuk türmä atdylar, Emma bir gün Piteriň awodyndan tapdylar. Ony öldürmek üçin müň bir çäre gördüler. Emma ähli çäreler oňa dermandy derman. Belki, beýik Rewolýusiýa – Rewolýusiýa bolmazdy, Urallarda urulman, Sibirlerde süýrelmän. Gurbannazar EZIZOW. "Edebivat we sungat" gazeti, 1977 ý. | |
|
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |