20:56 Ýürege düşdi | |
ÝÜREGE DÜŞDI
Bir adam sazanda tabşyrdy oglun: (Çagalykdan gowy dostdular olar) - Eger tälim alsa, ýanyñda ýaşap, Belki, seniñ ýaly sazanda bolar! Sazanda oglang syndan geçirip, Diýdi: - Hakykaty aýtsam-a ýakmaz. Ýöne welin, men aýtmanam biljek däl: Mundan daýhan çykar, Sazanda çykmaz. Saz adam saýlaýar, Saza baş goşýan Owalda ýörite doglan bolmaly! - Özleşdirse gerek, öwredip bilseñ, Biziñkem-ä erjel oglan bolmaly! Her näme-de bolsa şägirtlige al, Oglumy sazanda edesim gelýär. - Ýüregedüşdiden añyry geçmez! - Ýüregedüşdini öwrense bolýar! Oglan gaýdyp geldi köp ýyllardan soñ, Saz çaldy, Sazyna il-gün gülüşdi. Atasy sorady: "Bu niçiksi saz?" Ogly jogap berdi: "Ýüregedüşdi!" Hemra ŞIROW. | |
|
√ Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024 |
√ Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024 |
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ «Отвергнув гордое сомненье…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024 |
√ Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
√ Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |