12:18 "!" | |
"!"
Goşgular
Ýalňyzlyga sowgat etdim wagtymam, Ykbalyma undylmajak paý berdim. Tanyşsyz, tölegsiz ýöne mugtuna Senden geljek gussalara jaý berdim. Uly-uly umytlara beslenen, Gerekmidi beýle şowsuz jemleme?! Içimden gygyrjak uly ses bilen: "Ýok bol diýjek, güm bol diýjek" Diňleme! Ter duýgylar ilkibaşda paşyrdar, Berleni al, ýetmedigňe uzanma! Ünsüň sowma kalbymdaky pyşyrda, Goşgudyr öýtmegin entek ýazanma. Gara maňlaý gündizlerem görülmez, Zat gözleme geçmişdäki köwükden. Ýürek gap däl. Döwler, emma zyňylmaz! Sungat edip bolýar - döwük-döwükden... Ylham GURBANALYÝEW. 09.06.2023 ý. | |
|
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||