00:41 Saz | |
SAZ
Goşgular
Ýagşy synlap, Bagşy gynap gyjagyny Boşap galan gujagyny Takdyryna tagma edip, Köp soragly nagma edip, Sazyn çalýar... Baryn çalýar... Ýagşy synlap, Özün gynap Ukyp açyp - skripkaçy Ýatlaýan dek geregini Otlaýan dek ýüregini Aýby üçin ýeke-ýeke Kalby edip tike-tike Sazyn çalýar... Baryn çalýar... Ýagşy synlap, Ykbal gynan, Bir winoçy - pýaninoçy Arman basýar Durman basýar Gussalaryň düwmesini Ýatlamalaň hemmesini Bir galdyryp, Bir öldürip Sazyn çalýar... Baryn çalýar... Ylham GURBANALYÝEW. | |
|
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||