16:45 Jemlenişip bilmeýän bedibagt sygyrlaryñ taryhy | |
NUHUÑ TUPANYNDAN GADYMY GRESIÝA we ŞUMERLERE... JEMLENIŞIP BILMEDIK BEDIBAGT SYGYRLARYÑ TARYHY
Edebi makalalar
Şäheriñ çar künjünde sygyrlar gaýmalaşyp ýör. Gurbanlyk sygyrlar. Ähli güýçler sygyrlara garşy hamana mukaddes sürgün awy üçin bileleşene meñzeýär: Gassaplar, dindarlar, şäher häkimlikleriniñ işgärleri... Baýramçylyk döwründe gassaplar tarapyndan uly gykylyp edilip kowalanmaýan iri şahly mal ýa dowar barmyka? Gowurma iýenlere bolşy ýaly gurbanlykda soýan malyny ýa-da bişiren etini sosial mediýada paýlaşýanlara laýklar bilen goldaw berýänler ýokmy? Bu ajy hakykatdan iki dürli many gelip çykýar. Sygyrlar indi ähli gurbanlyk mal soýýanlar üçin aýratyn güýç hasaplanýar. Gurbanlyklaryñ öz nukdaýnazarlaryny, maksatlaryny, isleg-arzuwlaryny, meýillerini jümle-jahanyñ öñünde aç-açan mälim etmekleriniñ jaý wagty geldi. Ganly mal soýma kartinalary diñe şu günüñ şertlerinde bolup geçýän zat däl. Sygyrlar gadymy greklerden, şumerlerden, hristianlygyñ we iudaizmiñ ilkinji ýyllaryndan bäri hemişe şol bir senari bilen ýüzbe-ýüz bolup geldi. Bir wagtyñ özünde on müñlerçe adamy gurban eden astekler taryhda yz galdyrypdyr. Emma sygyrlaryñ başyna gelýänler müñlerçe ýyldan bäri gözümiziñ öñünde dowam edip gidip otyr. • "EÝ TENESOSYÑ HUDAÝY, HUZURYÑDA ÝAKDYM ÖKÜZLERI..." Gadymy Gresiýada göz öñüne getirip biljek islendik zadyñyzyñ hudaýy bolupdyr. Günüñ, ýeliñ, şerabyñ, urşuñ... Olar bu hudaýlary "begendirip" durmalydygyna ynanýardylar. Barjamly adamlar öz güýçlerini berkitmek üçin bu hudaýlaryñ ýoluna gurbanlyk mal soýýardylar. Elbetde, soýlan malyñ eti ýakylýardy, ýa-da ýere gömülýärdi. Wagtyñ geçmegi bilen gurban edilen malyñ bir bölegini paýlamak däbe öwrüldi. Gomeriñ "Iliada" poemasynda şeýle setirler bar: "Letonyñ ogly Apollona çyny bilen ýalbarmaga başlady we şeýle diýdi: "Diñle meni eý kümüş ýaýly, diñle meni eý Hrisanyñ we Killanyñ penakäri, Eý Tenedosyñ güýçli hudaýy Sminfeý! Eger men wagtynda ybadathanany öküzleriñ, geçileriniñ budundan dolduran bolsam, meniñ dilegimi kabul et: Danaýlar döken gözýaşlarymyñ ýerini oklaryñ bilen ödesin". Diñe şu setirlerdenem mal gurban etmelerdäki "almaly-bermeli" çemeleşmäni görmek mümkin. Para-peşgeşiñ subutnamasy bolman biler, emma ortada soýlup ýakylan butlaryñ külleri duran bolsa, dilegi gowuşmadyklar şeýdip hasabyny soraberýär. • TUPANDAN AMAN SYPDYLAR, BARYBIR GURBAN EDILDILER Şumerler döwründe ýaşap geçen sygyrlaryñ ykbaly-da şolañkydan üýtgeşik däldi. Muazzes Ilmiýe Çygyñ "Siwilizasiýanyñ köki şumerler" (“Uygarlığın Kökeni Sümerliler”) kitabynyñ ikinji tomunda aýdylyşyna görä günde birnäçe gezek hudaý heýkelleriniñ öñünde iýmek-içmek goýulypdyr. Keselçilikden ýa bela-beterden halas bolmak islenende, gezek biçäre sygyrlara gelipdir. Haýwanlar "köstsiz" bolmalydy, ýarasy ýa başga kemi bolmaly däldi. Gurbanlyk malyñ damagyny din adamsy çalmalydy. Gurbanlyk malyñ kellesi, adamyñ kellesi, boýny we içki organlary bilen sag budy adamyñ organlaryna barabar görlüp, hudaýyñ öñünde goýlupdyr, galany paýlanypdyr. Ynanýanlar üçin Nuhuñ tupany-da gurbanlyk meselesinde möhüm bir zada ünsi çekýär. Nuh pygamber (a.s) ähli haýwanlardan iki jübüt alyp gämisine mündüripdir, şeýdibem olary halas edipdir. Töwratda "Suwlar iñ belent daglaryñ başyna çenli çykdy. Suwlar jümlw janly-jandarlary ýok etdi. Ýüz elli günden soñ suwlar çekilmäge başlady". Nuh tupanyñ yzyndan aýaly, ogullary, gelinleri bilen gämiden çykypdyr. Bedrettin Jömert "Mifologiýa we ikonografiýa" kitabynda tupandan soñky bolan zatlar hakda Töwrata salgylanyp şulary gürrüñ berýär: "Nuh" Hudaýa sadaka bagyş etdi. Ähli arassa haýwanlardan, ähli arassa guşlardan alyp sadaka aýmançasynda ýakyp, Hudaýa gurban etdi. Bu hoşboý ysy duýan Hudaý mundan soñ ýer ýüzüni adamlar üçin näletlemejegini aýtdy". Gurban edilenleriñ arasynda sygyram bardy... • "BAKARA" SÜRESINDÄKI GURBANLYK MAL SAÝLAP ALNYŞYNYÑ BEÝANY Hristianlykda-da sygyrlar üçin ýagdaýyñ üýtgemändigi görnüp dur. Mattanyñ Injilinde Isa pygamberiñ (a.s) gürrüñ berýän "simwoliki" hekaýaty şeýle başlanýar: "Gökleriñ hökümdarlygy ogly üçin toý dabarasyny guraýan patyşa meñzeýär. Patyşa myhmanlary toý dabarasyna çagyrmak üçin çaparlary ugratdy. Emma olaryñ gelesi gelmedi. Ikilenç başga çaparlary ugratdy. Ol: - Myhmanlara aýdyñ - diýdi. - Nahar bişdi. Sygyrlar, hem-de ýörite bakylan tüweler soýuldy. Hemme zat size garaşýar, toýa geliñ". Yslamyýetde-de sygyrlaryñ ykbaly üýtgemedi. Gurhanyñ "Bakara" süresinde (Bakara - sygyr manysyny berýän bakar sözünden gelip çykýar) sygyrlar hakda şeýle diýilýär: "Rebbim onuñ daýhanyñ öñüne düşüp ýer sürmedik, görnüp duran ala-mulasy bolmadyk sygyr bolmalydygyny buýurýar" diýdi. "Ine indi doly sypatlandyrdyñ" diýdiler. Şondan soñ ol sygyry soýdular, ýene biraz duran bolsalar, beýtjek däldiler". (Ogluny gurban etjek bolanda asmandan inendigi aýdylýan goçy gurban eden pygamberiñ gürrüñi bilen birlikde ownuk mallaryñ görýän horluklarynyñ taryhy başga bir ýazgymyñ temasy). Ýüzlerçe ýyl geçýärdi, eýýamlar açylyp-ýapylýardy, emma sygyrlaryñ bedibagt taryhy hiç üýtgemeýärdi. Köphudaýly dinlerden ýekehudaýly dinlere çenli hemmesiniñ ynanjyna görä bela-beterlerden uzak durmak we günäleri ýuwmak üçin gurbanlyk mal soýmak gerek bolýardy. Sygyrlar guramaçylykly ýagdaýda göreşe girişmese, bu bedibagt takdyryñ eminden gelip bilmejekleri görnüp dur. Ähli ýurtlaryñ sygyrlary birleşmeli! Hem olaryñ nogtalaryndan başga ýitirjek nämesi bar? Hakan GÜNGÖR. 27.09.2015 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |