22:39 125 ýyl bäri ýerine ýetirilmeýän ýer yranma maglumatnamasy | |
TEGELEK 125 ÝYL BÄRI ÝERINE ÝETIRILMEÝÄN ÝER YRANMA MAGLUMATNAMASY
Taryhy makalalar
Mundan tegelek 125 ýyl öñ - 1894-nji ýylyñ 10-njy iýulynda Stambuly sarsgyna salan tebigy betbagtlyk bosaga gelip diräpdi. Soltan Abdylhamydyñam zordan özüni daşaryk atan ýer yranmasynda näme bolup geçen bolsa, şu günki günem şol problemalar bilen gidişýäs. Guşlaryñ hümerlenişip birden uçmagy, ketekdäki öý guşlarynyñ tebil tapmagy, käbir haýwanlaryñ eýläk-beýläk gaçyp başlamagy ünsi çekenem bolsa, biraz wagtdan hemmeleri gulgula saljak ýer yranmasynyñ boljagynyny hiç kim bilenokdy. Sarsgyn özi bilen bile uly güwwüldini-de alyp geldi. Adamlar gorkudan ýaña saga-sola gaçýan wagty birnäçe sekundyñ dowamynda sarsgyn kimdir biri pyçak bilen kesen ýaly şarpa kesildi. Halaýyk näme bolandygyny añlamaga çalyşan wagty gaýtadan ýer titremähe başlady. Bu gezekki has güýçli bolup, 10 sekunda çenli dowam etdi. Az salymdan ýene bir gezek ýer titräp, bu gezekde Stambul kenarlarynda suwlar 50 metre çenli çekilip, göz açyp-ýumasy salymda gaýtadan kenara gelip uruldy! Biraz çişirip aýdýanam bolsalar, käbir çeşmeler 20 metre ýeten tolkunlaryñ bolandygyny aýdýarlar. Iñ ynandyrysyjy bolsa çaklamalara görä ýer yranmasy ýarym metrden üç metre çenli beýiklikdäki tolkunlara sebäp bolupdy. Nijeme ýyllap "Beýik Zelzele" diýip ýatlanyljak bu ýer yranmasy şol döwürde stambullylaryñ başdan geçiren iñ uly heläkçiligidi. Stambulda azyndan 474 adam öldi, 480-den gowragy ýaralandy. Çeşmelere görä ýykylan jaýlaryñ sany 1000-den geçýärdi, 300-e golaý edara-kärhana weýran bolupdy! Weýran bolan binalaryñ sanynyñ bolsa 10 müñden geçendigi çaklanylýar. Ýer yranmasy Adapazarynda-da 60 adamyñ ölmegine, 600 öýüñ ýykylmagyna getiripdi. • ABDYLHAMYT II-niñ ÝER YRANMASYNA GARŞY ÖÑÜNI ALYŞ ÇÄRESI: TÄRETLI GEZIÑ, NAMAZ OKAÑ! Mundan tegelek 125 ýyl öñ, 1894-nji ýylyñ 10-njy iýulynda takmynan sagat 12 töwerekleri Stambuly we onuñ töwereklerini sarsgyna salan tebigy betbagtçylyk bosaga gelip diräpdi. Ýer yranmasy şeýle bir güýçli bolup geçdi welin, "Ýyldyz" köşgünde uly howsala turdy. Çeşmeler Abdylhamyt II-niñ özüni zordan diýen ýaly howla zyñyp ýetişendigini habar berýär. Abdylhamyt was-wasyçy patyşa bolansoñ, hemmelere we hemme zada şübhelenýärdi. Zol öldürilme gorkusy bilen ýaşaýan, patyşa demir penjeli berk diýdimzorçylykly döwri gurupdy. Şeýle-de bolsa, bu gezek Abdylhamyt ölümiñ bärsinden gaýtdy. Abdylhamyt II ölüm gorkusyny örän ýakyndan duýansoñ, dessine herekete geçermen boldy. Ýer yranmalaryna garşy öñüni alyş-taýýarlyk işlerini geçirmelidi. Ilki bilen ýer yranmasynyñ sebäplerini öwrenmelidi. Abdylhamydyñ pikiriçe birinji sebäp dini amallaryñ berjaý edilmeýändigi we edilýän günälerdi! Şol gije köşkdäkiler çadyrlarda gijäni geçirse-de, Abdylhamyt II çadyrda jan howpsuzlygynyñ ygtybarly bolmajagyny pikir edip, otagynda uklamagy makul bildi. Ýöne käbir "dini öñüni alyş işlerini" geçirmegi ýatdan çykarmady. Gije dañ atýança köşkde "Zilzal" ("Zenzele") süresini okatdy! Abdylhamyt II-niñ "öñüni alyş çäreleri" munuñ bilenem gutarmady. Sema Küçükaliogly Özkylyçyñ ("1894-nji ýylyñ ýer yranmasy we Stambul" (“1894 Depremi ve İstanbul") kitabynda Abdylhamydyñ musulmanlardan hemişe täretli gezmegi, namazy sypdyrman okamagy talap edendigi aýdylýar. Ol "Döwleti-Alyýanyñ" ("Beýik döwlet - ýagny, Osmanly döwleti -t.b) çar künjeginde aýat-dogalar okadyldy! Stambul hamana günä laýyna batanmyş we ýer yranmasynyñ öñi diñe doga-dilegler bilen alynmalydy! 125 ýyllap şol öñki heñi çalmak, şol nysaklary gaýtalamak nähili täsin, şeýle gerek?.. • KÖŞGÜÑ BIRINJI EDEN IŞI: METBUGAT GADAGANÇYLYGY Ýer yranmasyndan soñ habar beriş serişdeleri ölümlere we harabalyga dönen jaýlar hakdaky habarlary bermäge başlady. Özkylyçyñ aýtmagyna görä, "Sabah" gazeti Temmäki zawodynyñ harap bolandygyny, 10 adamyñ daş-kesegiñ astynda galandygyny, zawodyñ harap bolandygy sebäpli iş wagtyna wagtlaýyn arakesme berilendigini ýazdy. Ýene bir habar Harby uçilişäniñ (Mekteb-i Harbiye-i Şahane) ýykylyp, 22 adamyñ ýaralanmagy, 3 adamyñam ölendigi hakdady. Habarlar köşgi ynjalykdan gaçyrdy we patyşa dessine "Sabah" gazetiniñ şol günki sanyny ýygnatdy. Gazet diñe eýesi Mihran ependi köşge gidip gelenden soñ gaýtadan şläp başlady. Gürrüñsiz, häziriñ häkimiýetleriniñ refleksleri şol ýyllarda döräpdi we şol wagtdan şugünki güne çenli döwürde gözüñe dürtülip duran tebigy betbagtçylyklara degişli öñüni alyş çärelerini we getiren netijelerini ara alyp maslahatlaşmagyñ ýerine metbugat gadagançylyklaryny girizmek öñden gelýän däp bolup galdy. Gadagançylyklara garamazdan ýeten zyýan kem-kemden orta çykyp durdy. Abdylhamyt II-niñ özi-de ýer yranmasynyñ getiren netijelerini öwrenmek üçin birinji elden maglumat edinmek isleýärdi. • MAGLUMATNAMADAKY GÖRKEZIJILERDEN SAPAK ALYNMADY Patyşa ýer yranmasyndan soñ Afiny obserwatoriýasynyñ direktory Eginitisi Stambula çagyrdy. Ol Eginitis bilen birlikde Stambul obserwatoriýasynyñ direktory Aristide Koumbari we onuñ orunbasary Lakoýn bilenem duşuşdy. Olara ýer yranmasy boýunça giñişleýin maglumatnama taýýarlamak tabşyryldy. Ýeñler çermeldi, degişli işler geçirilmäge başlandy. Maglumatnama taýýarlanyp gutarlanda, aslynda meseläniñ günä, çykalganyñ doga däldigi açyk-aýdyñ orta çykypdy. Neriman Şahin Güçhanyñ "Tagta-karakas jaýlar" ("Ahşap Karkas Yapılar…”) makalasynda aýdyşy ýaly, Eginitis maglumatnamasyna "Binalaryñ köpüsiniñ tagtadan bolmagy zyýanyñ möçberiniñ az bolmagyna getiripdir. Stambuldaky binalaryñ başga ýerlerdäki ýaly uçdantutma daşdan däldigi oñyn hasaplanmaly ýagdaý" diýip ýazýar. Maglumatnama statistiki görkezijielerden, sebitlerden we ýeten zyýanyñ möçberini anyklaýan maglumatlardan başga-da şu möhüm hususlara ünsi çekýärdi: Gurluşyklarda ulanylýan materiallar "ýaramaz" eken. Daş gurlan tamlar çydamly däldi, agaç tamlar ýere we sarsgynlara garşy maýyşgak bolanlygyndan, bular ýaly ýagdaýlarda ýykylman abat galyp bilýärdiler. Kerpiçden salnan jaýlar berk bolsa-da, ýykylan binalaryñ arasynfa keeping jaýlaryñ köp bolmagy, olaryñ harsal we sarp etmelisinden az material bilen gurlanlygyndandy! Aýratynam Adapazary ýaly seýsmiki raýonlarda gumak ýerde gurlan jaýlar heläkçiligiñ derejesini ummadan aşyrypdy! • 125 ÝYL ÖÑKI HALKYÑ MÜMKINÇILIGI: ÝYGNANYŞMA MEÝDANÇALARY Biz aslynda bir asyrdan gowrak wagt bäri şindizem ownuk meseleleriñ üstünde kelle agyrdýarys: ýeriñ gurluşyny öwrenmek, şoña laýyklykda hem jaýlary gurmak, berk gözegçiligi ýola goýmak arkaly gurluşyk materiallaryndan ujundan çilmegiñ, gowşak, çagşan, hili pes material ulanmagyñ öñüni almak... Ýöne 125 ýyl öñ haýsy problemalar bilen gidişen bolsak, şugünki günem şol problemalar garşymyza çykýar. Netije welin hiç üýtgänok. Öz başymyza elimiz mugt satyn alýan belalarymyzyñ sebäbini günäde, öñüni alyş çäresini dogada gözlemegiñ döredýän howpy bilen ýüzbe-ýüz ýagdaýda ýaşamagymyza dowam edýäris. Eýsem şol günleriñ şu günümizden tapawutlanýan ýeri ýokmudy? Elbetde, bardy. Şol döwürde adamlaryñ öýlerinde özlerini howpsuz duýan ýagdaýlarynda üýşüp boljak boş meýdançalary bardy! Stambullylaryñ aglabasy açyk howada, käbirleri çadyrlarda ýatyp-turupdylar. Häzir şular ýaly betbagtlyk bolan pursatlarynda üýşüp bolaýjak boş ýerleriñ barsyna söwda merkezleri guruldy. Susagy elinde saklaýanlaryñ kellesine Abdylhamyt II ýaly doga etmek, metbugat gadagançylygyny girizmek, ýer yranmasyndan öñinçesindäki ýaly başly-barat gurluşyklara sesini çykartman oñmak gelýär. Ýogsam bolmasa, Eginitis, Koumbari, Lakoýn dagylaryñ taýýarlan maglumatnamasynyñ netijeleri bize häzirem çynlakaý zatlary aýdýar. 125 ýyl bäri mälimem bolsa, hiç ýola goýulmaýan öñüni alyş işleri ýaşamagy öwrenmegiñ we her hili ýagdaýda ygtybarda bolmagyñ ýoluny görkezýär. Ýer yranma salgydy bilen çeken ýollary bolsa diñe we diñe betbagtlyk getirýär. • BIR ASYR BÄRI HOWPSUZ OKUW JAÝYNY GURUP BILENOKLAR Ýer yranmasynda howpsuzlygyndan ynjalmandyklary üçin çagalary dermal mekdepden çykaran ygtyýarlylar ýaly, şol ýylllarda-da döwlet ygtyýarlylary howpsuz mekdepleri gurmandylar! 1894-nji ýyldaky ýer yranmasynda mekdepleriñ gözgyny ýagdaýy şygyrlara giripdi. Şugünki gün okuwçylar niçik howpsuzlygy üpjün edilmedik mekdepler okaýan bolsa, şol döwürde-de ýagdaý şumatkydan öwerlik däldi. Şol ýyl Fatih rüşdiýesinde (mekdebinde) okaýan Halit ependi ýer yranmasyndan soñ şu beýtleri ýazypdy: "Gutuldyk mekdepden, köp şükür etdik, Kimsede mejal ýok, jümlämiz bitdik, Ene-atamyzy görmäge gitdik, Taýýar bolduk ol emiri-permana. Kimsi taşlap gitdi kitaplaryny, Halas etmek üçin öz janlaryny, Çozdular görmäge hanalaryny, Barsynyñ gözýaşy boldy rowana". Mekdeplerdäki weýrançylyk hem Halit ependiniñ şygrynda öz beýanyny tapdy: “Ýatakhana boýdan-başa ýykyldy, Uly-kiçi barsy köçä döküldi, Müñ şükür Hudaýa, barsy gutuldy, Goç gurban kesildi Rebbi-Subhana". • DÜKAN GIÑELTME NEBISJEÑLIGI KAPALYÇARŞA HELÄKÇILIGI GETIRDI Aslynda häzirem duş gelýän başga bir problemamyz şol wagtam bardy. Bu problema Kapalyçarşynyñ (Ýapykbazaryñ) örän uly weýrançylyga uçramagyna sebäp boldy. Ýer yranmasynda Kapalyçarşynyñ belli-belli ýerlerinde opurylyşyklar bolup, birgiden adamyñ ölmegine sebäp boldy. Şerife Özatanyñ we Sewgül Limonjynyñ ýazan ylmy işinde aýdylyşy ýaly, Kapalyçarşyda bolan weýrançylygyñ möçberiniñ uly bolmagynyñ sebäbi söwdagärleriñ dükanlaryny ulaltma nebsewürligidi. Söwdagärleriñ dükanlaryny giñeltjek bolup sütünleri we diwarlary ep-esli kiçeldipdi, sütünleriñ ýykylyp aýrylan ýerleri-de az däldi! 1894-nji ýyldaky ýer yranmasyndan bäri bolup geçen şunça tragiki başdan geçirmelere garamazdan häzirem diwarlaryñ armaturly sütünleriniñ talabalaýyk däl ýagdaýda üýtgedilýändigini görýäris. Sapak alamzok. Hakan GÜNGÖR, https://twitter.com/bayhakangungor "EVRENSEL" gazeti, 01.10.2019 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |