23:50 37-nji ýylyñ byzmygy / hekaýa | |
37-nji ÝYLYÑ BYZMYGY
Hekaýalar
Ejesi bişiren on iki byzmygyny tabaga saldy-da, ony tekjäniň üstünde goýdy. Şol wagt öýde üç adam bardy — ejesi, ogly hem gyzy. Kakalary işden gijagşam dolanýardy. Mekdepde öýlän okaýan uýasy okuwdan gelensoň, naharlanmaga oturdylar. Şonda tabakdaky on iki byzmygyň on bir bolany belli boldy. Ejesi: — Näme üçin byzmygy soraman aldyň? — diýip, oglundan sorady. Ogly: — Men-ä alamok — diýdi. Byzmygy, dogrudanam, ol almandy. Ejesi geň galdy: — Onda kim aldy? Üstüne atar ýaly öýde pişigimizem-ä ýok. Oglanjyk öz diýenine tutdy: — Men-ä ellämok. Ejesi: — Onda kim aldyka? – diýdi. – Öýde başga adam ýokd-a. Sen näme edeniňi bir bilýäňmi? Birugsat alanyň-a alanyň, üstesine-de alamok diýip, ýalan sözlemäň näme? — Çynymy aýdýan, men alamok — diýip, oglanjyk janykdy. — Onda, diýmek, meň aňkam aşypdyr-da, şeýlemi? — diýip, ejesi gaharlandy. — Herimize üçden ýeter ýaly laýyk on iki byzmyk bişirdim. Indi bärde on bir sanysy bar. Birini iýipsiň, şoň üçin ikisi bilen oňmaly borsyň. — Bolýa — diýip, oglan razylaşdy. Onuň aňsatjak kaýyl bolmagy ejesiniň beter janyny ýakdy. — Ýöne näme üçin boýun alaňok? Onuň üçin urjak däl-ä men. Byzmygyň birini alanyň açyk-aýdyňka, bigaýratlyk edýäň. — Men almadym! — diýip, oglan bir diýenini gaýtalady. Ol asylam byzmygy almandy. Ejesiniň ýüzi boz-ýaz boldy. — Sen meni heläk edýäň-dä. Men on iki byzmyk bişirdim. Bişiripjik, tabaga salyp ýörkämem gaýtadan sanadym. Laýyk on iki sanydy. Hany ýene biri? — Bilmedim. — Onda kim bilýä? Öýde diňe ikimiz bardyk. Onda ejeň zalym-da, byzmygy özi iýip, indem ogluny günäkärleýär. Bol, jogap ber, ejeň zalymmy? Oglan: — Ýok, men-ä beýledir öýdemok — diýdi. — Onda hany bir byzmyk? — Bilmedim, men-ä ellämok. — Onda howada gaýyp boldumy ol? — diýip, ejesi haýkyrdy. — Kesirligiň bilen meni ahyr bir gün göre salarsyň-la. Ýüregagyrylydygymy bilýäň-ä sen. Ol stoluň başyndan turdy, bulgurjyga walerýana erginini damdyryp, içdi. Oglanjygyň ejesine ýüregi awady. Özüne indi gün berilmejegini bilýärdi. Ejesi ýerine geçdi-de, hamala, dermandan ekezlenen ýaly bolup, gaýtadan sorag etmäge başlady: — Ýeri, byzmyk nirä ýitirim boldy? Oglan: — Aý, bolýa, men iýdim şony — diýdi, sebäbi ejesine dözmedi. Şeý diýäýmese, ol halys ýakasyny goýbermejek ýalydy. Ejesi: — Häliden şeýdäýmel-ä — diýip, birneme köşeşdi. — Onda byzmygy seň alanyň çyn-da? — Ýok, ýalan — diýip, oglanjyk jogap berdi. Ol: «Byzmygy men iýdim» diýse, ejesi köşeşer, gürrüň şu ýerde gutarar öýdüpdi. Indi welin etmedik işini boýun alyp, oňa beter gylaw berendigine düşündi. Ejesi: — Bi meni dälireder-le — diýip, janyýangynly gorsanjyrady. — Byzmyg-a iýipdir, ýöne almanmyş. Eýse, näme, özi agzyňa uçup giräýdimi? Sen samsykmy ýa-da kezzap?! Haýsy bolaňda-da, häzir ýene ýüregimden tutýa. Onuň ýene ejesiniň bolşuna nebsi agyrdy. — Aý, hawa, byzmygy men iýdim, men! — diýip, ol öňki aýdanyny gaýtalady. — Onda seniň alanyň çyn — diýip, ejesi dabara bilen tekrarlady. — Ýok, çyn däl — diýip, oglan jogap berdi. Bu, hakykatdanam, ýalandy, oglanjygyň ýalana ýaran bolasy gelmeýärdi. Diňe ejesine ýüregi awansoň: «Byzmygy men iýdim» diýipdi. Ejesi elini çarpyp goýberdi: — Sen barypýatan troskiçi! Şu günler Troskiň tarapdarlaryny kazyýet jogapkärçiligine çekýäler. Prokuror olardan: «Siz içalylar hem diwersantlar bilen duşuşdyňyzmy?» diýip sorasa, olar: «Hawa, duşuşdyk» diýýäler. «Onda siz sowet hökümetine garşy hereket edeniňizi boýun alýaňyzmy?» diýseler, olar: «Ýok, boýun alamzok» diýip jogap berýäler. Hany hakykat, hany many? Tüýs troskiçi sen, byzmygy iýipmişiň, ýöne almanmyşyň, şeýlemi?.. Oglanjyk ejesi ahyrsoňy köşeşer öýdüp: — Hawa — diýdi. — Eger almadyk bolsaň, nädip iýip bildiň, hä? — diýip, ejesiniň gahardan ýaňa bolmajysy boldy, soňra öz ýanyndan tapan çykalgasyna begenýän ýaly üstüne goşdy: — Belki, sen ony eliň bilen ellemän, dişiňe gysansyň? It ýaly agyz urup, dişläp alansyň? Başga çykalga tapmadyk çaga: — Hawa, dişläp aldym — diýdi. — Soňam iýdiňmi? — diýip, ejesi gazaply sorady. — Soňam iýdim — diýip, oglanjyk aýdylany tassyklady. — Şeýdip, eliňi degirmänjikmi? — diýip, ejesi gahar gatyşykly bilesigelijilik bilen sorady. — Hawa, elimi degirmänjik iýdim — diýip, oglan ýene tassyklady. — Ýöne eliňe almasaň, byzmygy iýip bolanog-a, ol bitinligine agzyňa sygmaz, ýogsa agzyň ulam welin… Diýmek, nätseňem eliň bilen tutupsyň! Diýmek, alypsyň-da? Ahyrsoňy gepiňde tutuldyň! Oglanjyk indi paş ediljegini aňyp, dessine jogap tapdy: — Men ony tekjäniň üstüne eglip, göni tabakdan iýdim… Ejesi başyny ýaýkady: — Gör, munuň mekirjedigini, «Byzmygy ellemedim» diýmek üçin, ony dişine gysanmyşyn. Neneň akylyňa gelýär bu zatlar! Ýalan sözläniňe indi beri düşündiňmi? — Dogrymy aýtdym, byzmygy men alamok. — Alypsyň, dişläp alypsyň! — diýip, ejesi gahar-gazaba münüp gygyrdy. — Sen byzmygy iýdiňmi ýa ýok? Ejesine haýpy gelen oglanjygyň ýürejigi jigläp gitdi. — Iýdim, iýdim! — diýip, ol ejesini köşeşdirmek üçin gyssanmaç razylaşdy. Indi hakykat başy çaşan oglanyň öňünde goşalanan ýaly boldy. Bir tarapdan, iýmedigem bolsa, ýekeje byzmygy iýdim diýende näme boljak? Başga tarapdanam, ýalan sözlänini boýun alasy gelenok. Hakykat bilen ýalan onuň üçin islendik byzmykdan ähmiýetlidi. Ejesi: — Nejis troskiçi! Öýden gümüňi çek, agşama çenli ýüzüňi görmäýin! — diýip gygyrdy. Köçä çykan oglanjygy gam-gussa basdy. Ol kakasy işden dolanmaz, ony tussag ederler öýdüp, ejesiniň her gün uly alada galýanyny gowy bilýärdi. Ejesi kakasyna: «Saňa hüşgärlik bilen pugtalyk ýetenok, şoň üçinem türmä düşersiň» diýýärdi. Oglanjyk onuň hüşgärlik hem pugtalyk diýip nämä aýdýanyna doly düşünmeýärdi. Emma ejesi maşgalany hüşgärlik bilen pugtalyk aman saklar öýdýärdi. Oglanjyk ýurtda birhili bulagaýlygyň, elhençligiň bardygyny duýsa-da, oňa nähili düşünjegini bilmeýärdi, bu hakda oýlanasam gelmeýärdi. Ähli ýerde ýykgynçylara garşy kazyýet işleri alnyp barylýardy. Ulular olar barada berilýän gepleşikleri diňlejek bolup, nebsewürlik bilen radio gulaklaryny gerýärdiler. Oglanjyk olaryň galagoply ýagdaýa düşýändiklerini, şol bir wagtyň özünde-de bela-beteriň özlerinden sowlup geçenine begenýändiklerini duýýardy. Emma bu barada oýlanasy gelmeýärdi. Tizara ony goňşy oglanlar top oýnamaga çagyrdylar. Ol oýna gyzygyp, bar zady: byzmygam, bulaşyklygam, elhençligem — oýlanasy gelmese-de, aňyna biygtyýar gelýän zatlaryň baryny unutdy. Indi birneme ýeňledi, arkaýynlaşdy. Birdenkä uýasy daşary çykyp, ony çagyrdy: — Ejem derrew öýe gel diýýär! — Näme boldy? — Tekjäniň aňyrsyndan syçanyň şygyrdysy eşidildi, ejem ol ýere seretse, bir byzmyk ýatyr ekeni. Çalt öýe gel! Ejem çagyrýa! — diýip, demi-demine ýetmän gürledi. Oglanjyk byzmykly meseläniň öz-özünden çözülenine monça bolup, öýlerine eňdi. Ol ýiten byzmyk üçin günertlänine ejesi öküner öýtdi, emma ol aşhanada elini eňegine diräp, gussa batyp otyrdy. Onuň bolşy gowulyga däldi. Oglanjygyň ýene keýpi gaçdy. Ejesi gubar baglan gözlerini ogluna dikip, gussa bilen dil ýardy: — Näme üçin byzmygy iýdim diýip ýalan sözlediň? — Men ýalan sözlemedim-ä, byzmyk tekjäniň aňyrsyndan tapylypdyr-a… — Ýöne sen onda-da iýdim diýip, boýun aldyň. Näme üçin ony iýdim diýdiň? Oglanjyk başyny sallap, dymdy. Ejesine ýüregi awansoň şeý diýenini aýtmaga utandy. Ejesi: — Meni ýüregagyryly halyma näme üçin kösäniňi aýdýançaň, günüňe goýman. Näme üçin «Byzmygy iýdim» diýip ýalan sözlediň? Onda-da ýapa degmejek gep tapýaň, dişi bilen alypmyşyň. Ýezit diýsänim! Jogap ber, näme üçin ýalan sözlediň? — Aý, meni halys günüme goýmadyň-da, onsoň seni köşeşdirjek boldum, saňa dözmedim… — Maňa nebsi agyrypmyş! — diýip, ejesi gygyrdy. — Gör-ä bu ýüregi ýukany! Eger byzmygy almadyk bolsaň, diňe hakykata daýanmaly. Hernäçe gynasalaram, diňe çynyňy aýtmaly! Sen welin çüýrük intelligent ýaly çykalga gözleýäň: iýdim, ýöne ellemedim. Men tas däliräpdim. Adam mydama diňe dogrusyny aýtmaly! Görsene, syçan sebäpli hakykaty biläýdim, ýogsa ony senden dartybam alyp boljak däl eken. Nähili döwürde ýaşap ýörenimize bir düşünýäňmi sen?! Partiýa bilen ýoldaş Staliniň hut özi bizden hüşgärligi hem pugtalygy talap edýär! Sen hijisinem başarmaýanyňy görkezdiň. Bar, el-ýüzüňi ýuw. Soňam syçan tutýan gapany gurna. Öýde ýene syçan köpelip ugrady. Olaram öýde hüşgärligiň hem pugtalygyň ýokdugyny duýýan borly. Oglanjyk ýüzüni çytyp, elýuwara tarap ýöneldi. Onuň syçanlar babatda-da kynçylygy ýetikdi. Ejesi oňa gapana düşen syçanlary öldürmek üçin köne çarşak beripdi. Ýöne oglanyň olara çarşak dürtesi gelenok. Syçan tutuldygy, ol gapany daşary çykaryp, suwly ganawyň üstünde açýar, onsoň diri syçan şoňa jülpüldäp gaçýar. Onuň ýene öýe gaýdyp biljeginden çaga bihabar. Oňa syçanly meselede-de hüşgärlik bilen pugtalyk ýetenok. Fazyl ISKANDER, rus-abhaz ýazyjysy. Terjime eden Maksat BÄŞIMOW. | |
|
√ Jüren / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Gara menek / hekaýa - 11.06.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Ene / hekaýa - 10.10.2024 |
√ Merkiňi berseler, erkiňem gidýän ekeni / hekaýa - 29.11.2024 |
√ Sekiz emjekli "gahryman ene" / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |